HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ukrainada okaýan türkmen talyplary Bütindünýä saglyk gününi bellediler

Aprel 05, 2025 | 23:45 |3717
Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän sport we saglyk çäresine gatnaşdylarUkrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän sport we saglyk çäresine gatnaşdylar
Çeşme: Türkmenistanyň Ukraina Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän sport we saglyk çäresine gatnaşdylar.

Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we medeni-köpçülikleýin çäreleriň dowam edýän günlerinde, Ukrainadaky türkmen ýaşlary sport hereketine işjeň we höwes bilen gatnaşyp, yzygiderli bedenterbiýe hereketleriniň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhümdigini görkezdiler.

1

Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ýapyk binalarda göreşiň dürli görnüşleri, armwresling, agyr atletika, gira galdyrmak, şeýle hem dürli agyrlykdaky ştangalary ýatyp we itekläp götermek boýunça ýaşlaryň arasynda ýaryşlary gurady. Çärä gatnaşyjylar dürli güýç emellerini, tizlikli we çydamly ylgamak ýaly türgenleşikleri ýerine ýetirip, çäräni küşt we şaşka oýnamak arkaly intellektual ýaryşlar bilen tamamladylar.

Çäre gatnaşyjylar sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň fiziki we akyl saglygy üçin zerurdygyna ynanýarlar.

2

Türkmen ýaşlary bilen bäsleşen türkmen diplomatlary, biziň ýurdumyzyň fiziki taýdan güýçli, ruhy we aň taýdan ösen ýaş nesliň terbiýelenmeginiň esasan Türkmenistanyň jemgyýetçilik syýasatyna we halkyň saglygyny berkitmeklige gönükdirilen temmäki önümlerine garşy göreşmek we dünýäde temmäkiden azat sebitleri giňeltmek, milli sporty we häzirki zaman sport infrastrukturasyny ösdürmek işine goşant goşmak ýaly işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.

3

Diplomatlar ýurdumyzyň olimpiýa hereketiniň ösmegine we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine – dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy, ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek üçin mynasyp goşant goşmagyny dowam etdirýändigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, bu ýörelgeler “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň” esasyny düzýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026