HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Vogue” we “Wondernet” italýan moda neşirleriniň üns merkezinde türkmen modasy

Mart 25, 2025 | 00:35 |12084
24-nji martda Italiýanyň “Vogue” žurnaly “Turkmenistan Fashion Project” atly taslamasyna bagyşlanan “Men ýerli däp bolaneriň modanyň dünýä nähili açylýandygyny görmek üçin Türkmenistanda boldum” atly makala çap etdi24-nji martda Italiýanyň “Vogue” žurnaly “Turkmenistan Fashion Project” atly taslamasyna bagyşlanan “Men ýerli däp bolaneriň modanyň dünýä nähili açylýandygyny görmek üçin Türkmenistanda boldum” atly makala çap etdi
Çeşme: vogue.it / wondernetmag.com

24-nji martda Italiýanyň “Vogue” žurnaly “Turkmenistan Fashion Project” atly taslamasyna bagyşlanan “Men ýerli däp bolaneriň modanyň dünýä nähili açylýandygyny görmek üçin Türkmenistanda boldum” atly makala çap etdi.

Makalanyň awtory Giulio Solfrizzi, halkara giňişliginde milli modanyň ösüşiniň geljegini öwrenmek üçin Merkezi Aziýanyň “Ak şäheri” we Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine baryp gördi.

Awtor, ak we altyn reňkleri adaty bolmadyk yşyklandyryş bilen utgaşyp, täsin atmosfera döredýän Aşgabadyň binagärlik görnüşini suratlandyrýar. Makalada, şeýle hem, keşdeli nagyşlaryň köpdürliligi bilen häsiýetlendirilýän Türkmenistanyň adaty zenan lybaslaryna ünsi çekýär. Awtor geljekde Türkmenistanyň moda dünýäsinde möhüm oýunçy bolup biljekdigini belleýär.

imgonline-com-ua-2to1-ly3OWnKeobPKMmxH.jpg

2025-nji ýylyň 17-19-njy mart aralygynda Aşgabatda “Turkmenistan Fashion Project” geçirildi – üç günlük çäre ýerli brendleriň görkezişlerini we ýörite myhmanlaryň, şol sanda günbatar dizaýnerleriniň çykyşlaryny öz içine aldy.

Taslamanyň esasy maksady, gadymdan gelýän milli lybaslar we matalar arkaly Türkmenistanyň medeniýetini wagyz etmek, şeýle hem ýerli dokmaçylyk däpleri bilen günbatar modasynyň arasynda dialogy gurmakdan ybarat boldy.

Beýleki bir italýan moda neşiri, “Wondernet Magazine” atly internet-žurnaly hem bu taslama barada makala çap etdi. “Turkmenistan Fashion Project: Aşgabat türkmen stilini dabaralandyrýar” ady bilen çap edilen makalada türkmen modasyny we medeniýetini halkara giňişliginde tanatmaga gönükdirilen waka barada gürrüň berilýär.

Turkmenistan-Fashion-Project-2025-3-wondernetmag-com (2).jpg

Makalada taslamanyň dünýäde özboluşly türkmen stilini tanatmaga gönükdirilen üç günlük başlangyçdygyny nygtaýar. Awtor, “Turkmenistan Fashion Project” taslamasynyň Türkmenistanyň moda ugruna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek mümkinçiliginiň bardygyny belleýär.

Iki neşir hem “Turkmenistan Fashion Project” taslamasynyň adaty lybaslary we dokma önümlerini döwrebap düşündirmek, şeýle hem ýerli dizaýnerler bilen günbatar moda wekilleriniň arasynda dialogy gurmak arkaly Türkmenistanyň baý medeni mirasyny hödürlemekde möhüm ädim bolandygy bilen ylalaşýarlar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

23:15 Iýul 17, 2026
«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

23:05 Iýul 17, 2026
Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

22:50 Iýul 17, 2026