HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenildi

Mart 12, 2025 | 01:46 |5961
11-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda döwürdeş türkmen bagşylarynyň arasynda iň görnükli wekillerinden biri bolan Saha Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi11-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda döwürdeş türkmen bagşylarynyň arasynda iň görnükli wekillerinden biri bolan Saha Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Çeşme: orient.tm

11-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda döwürdeş türkmen bagşylarynyň arasynda iň görnükli wekillerinden biri bolan Saha Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. TMK-niň professory Ýolaman Nurymow, TMK-niň ýanyndaky Ýörite çagalar sazçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparow, Türkmenistanyň halk artistleri Baýrammyrat Söýünow we Kyýas Durdyýew dagylar bu bagşynyň we kompozitoryň döredijiligi hem-de zehini, halypaçylyk ýoly we jemgyýetçilik işleri barada çykyş etdiler.

Sahy Jeparowyň Kerim Kurbannepesowyň we beýleki meşhur türkmen şahyrlarynyň goşgularyna ýazan aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi çykyşlara aýratyn öwüşgin berdi. “Altyň biri”, “Mugallyma gyz”, “Pagtaçy gözel” ýaly meşhur aýdymlar ýerine ýetirildi. Hudaýguly Rejepowyň sözlerine Sahy Jepbarowyň döreden “Şat bolar boldy” atly aýdymy Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Täçmyrat Kowusow tarapyndan ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň halk artist, meşhur bagşy we halk saz gurallarynda ýerine ýetirmek üçin saz döreden Sahy Jepbarow 1905-nji ýylda Gökdepäniň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Ilki bilen ol bagşyçylyk sungatyny obadaşlaryndan öwrenýär, soňra bolsa Hally Bagşy, Sary Bagşy, Mylly Täçmyradow we beýleki tanymal ussalardan tälim alyp, aýdym-saz döredijiliginde özüniň başarnygyny kämilleşdirýär. Ol diňe bir ussat ýerine ýetiriji bolman, eýsem zehinli guramaçy we halypa hem bolupdyr. 1929-njy ýylda Sahy Jepbarow paýtagtyň Drama teatrynda ilkinji halk saz gurallary ansamblyny döretdi, soňra Mary we Gyzylarbat şäherlerinde aýdym-saz toparlaryny döretdi.

Sahy Jepbarow Türkmenistanyň Kompozitorlar bileleşigini döretmek boýunça guramaçylyk komitetiniň agzasy hökmünde tassyklandy we onuň ilkinji agzalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Kompozitorlar bileleşiginiň döredilmegi bilen Sahy Jepbarow onuň düzümindäki Adrian Şapoşnikow, Daňgatar Öwezow, Aşyr Kulyýew, Weli Muhatow, Weli Ahmedow ýaly Türkmenistanyň öňdebaryjy kompozitorlary bilen işläp başlaýar we olar bilelikde birnäçe täze eser döredýär.

Sahy Jepbarow tarapyndan häzirki zaman we nusgawy türkmen şahyrlarynyň sözlerine 200-den gowrak aýdymlar ýazyldy. Ussat bagşy tarapyndan döredilen eserler, radioda we telewideniýede, Moskwadaky aýdym-saz studiýasynda ýazga geçirilen ýazgylary halk sazy hökmünde türkmen medeniýetiniň altyn gaznasyna girdi. Türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki hyzmatlary üçin Sahy Jepbarow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026