HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik yglan edýär

Mart 11, 2025 | 10:05 |5379
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Senetçilik - milli mirasymyz” atly bäsleşigi yglan edýär.Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Senetçilik - milli mirasymyz” atly bäsleşigi yglan edýär.
Çeşme: tstb.gov.tm

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Senetçilik - milli mirasymyz” atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşik ussat senetçileri höweslendirmek maksady bilen iki ugur boýunça geçirilýär:

Türkmen milli senetçilik önümleri

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan senetçilik önümleri.

Bäsleşige hödürlenilýän işler, şol sanda halyçylyk, keşdeçilik, taraçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik, neçjarçylyk, nakgaşçylyk, demirçilik, deri-gönçülik önümleri, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlerini, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzy we onuň şanly 30 ýyllygyny, Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini, dünýä derejesinde gazanylýan üstünlikleri döredijilikli açyp görkezilmelidir.

Senetçiler bäsleşige hödürleýän işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Sergi bölümine ýollap bilerler. Olar bäsleşige ýollan işleriniň ýanyna özleri we döreden önümleri baradaky maglumatlary – işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysyn, telefon belgisini, işiň adyny we gysgaça mazmunyny hem goşmalydyrlar.

Bäsleşik Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli maslahatyň we serginiň çäklerinde jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diplomlary we sowgatlary, tapawutlanan işleri döredenlere bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 21 23 75;

+993 12 21 23 64;

+993 12 21 23 68.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026