HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Mart 11, 2025 | 11:05 |4158
Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly ilkinji Halkara forum geçirilip, ol 26 ýurtdan 200-den gowrak wekilleri ýygnar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurt maýadarlary, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýa bilermenleri gatnaşar.Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly ilkinji Halkara forum geçirilip, ol 26 ýurtdan 200-den gowrak wekilleri ýygnar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurt maýadarlary, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýa bilermenleri gatnaşar.
Çeşme: lipetsktime-ru

Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly ilkinji Halkara forum geçirilip, ol 26 ýurtdan 200-den gowrak wekilleri ýygnar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurt maýadarlary, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýa bilermenleri gatnaşar.

Forumda Russiýanyň wekiliýetine Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti we “Lipesk oblastynyň Eksporty goldamak merkezi” awtonom täjirçilik däl guramasynyň direktory Anatoliý Golsow ýolbaşçylyk eder. Şeýle-de, rus tarapyndan RF-iň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysady ösüş ministrliginiň we Russiýanyň Senagat söwda ministrliginiň wekilleri gatnaşar. Golsow Rus-Türkmen işewürlik geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolmak bilen, rus işewürliginiň bähbitleri we söwda-senagat edaralarynyň ulgamlary bilen tanyşdyrar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hususy böleginiň esasy ösüş ugurlarynyň, ykdysadyýetiň strategiki taýdan möhüm pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşrydylmagynyň hem-de maýa goýumlaryň çekilmeginiň ara alyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de işewürlik üçin täze mümkinçilikleri döretmek meselelerine hem gararlar.

Şeýle-de okaň: IFT 2025: Halkara maýa goýum forumy öňdebaryjy kompaniýalary çeker

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026