HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmengaz” maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada bäsleşik yglan etdi

Mart 10, 2025 | 13:20 |5169
“Türkmengaz” Döwlet konserni zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-11 belgili açyk bäsleşigi yglan etdi. Haýyşnamalaryň kabul edişligi 2025-nji ýylyň 7-nji martyndan 21-nji apreline çenli dowam eder.“Türkmengaz” Döwlet konserni zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-11 belgili açyk bäsleşigi yglan etdi. Haýyşnamalaryň kabul edişligi 2025-nji ýylyň 7-nji martyndan 21-nji apreline çenli dowam eder.
Çeşme: turkmengaz.gov.tm

“Türkmengaz” Döwlet konserni zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-11 belgili açyk bäsleşigi yglan etdi. Haýyşnamalaryň kabul edişligi 2025-nji ýylyň 7-nji martyndan 21-nji apreline çenli dowam eder. Bäsleşik üç loty öz içine alýar:

Lot № 1 – turbalar we metal önümleri;

Lot № 2 – umumy zawod enjamlary;

Lot № 3 – elektrik tehnikasy enjamlary, gözegçilik-ölçeg abzallary we kabel önümleri.

Gatnaşmak üçin haýyşnamalar Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça kabul edilýär. Ofşor zolagynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplaryna eýe bolan kompaniýalar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.

Gatnaşmak üçin aşakdakylar zerur:

Kompaniýanyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arzalary tabşyrmak;

“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we bäsleşik resminamalary bilen tanyşmak;

lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lot üçin 500 ABŞ dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri 21.04.2025 ý. 15:00 çenli (ýerli wagt bilen) kabul edilýär. Bellenen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär.

Giňişleýin maglumat www.turkmengaz.gov.tm www.oilgas.gov.tm saýtlarynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin:

E-mail: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm

Telefon belgileri: +993 (12) 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026