HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaş alymlaryň Halkara ylmy maslahatynyň iki bölümçesi türkmen Ýokary lingwistik mekdebinde geçiriler

Mart 08, 2025 | 19:00 |6675
2025-nji ýylyň 11-25 aprelinde M.W.Lomonosow adyndaky MDU-da «Lomonosow-2025» atly Halkara ýaşlar ylmy forumynyň çäklerinde «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahaty geçiriler2025-nji ýylyň 11-25 aprelinde M.W.Lomonosow adyndaky MDU-da «Lomonosow-2025» atly Halkara ýaşlar ylmy forumynyň çäklerinde «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahaty geçiriler
Çeşme: msu.am

2025-nji ýylyň 11-25 aprelinde M.W.Lomonosow adyndaky MDU-da «Lomonosow-2025» atly Halkara ýaşlar ylmy forumynyň çäklerinde «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Ylmy forumyň işi M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň diňe bir Russiýadaky şahamçalarynda däl, eýsem Türkmenistanda, Gazagystanda, Täjigistanda, Ermenistanda, Özbegistanda, Azerbeýjanda we Hytaýda hem giňden ýaýbaňlandyrylar.

Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda onuň «Pedagogika bilimi we häzirki zaman bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» atly bölümçeleri geçiriler.

Ýaş alymlar, aspirantlar, magistrantlar we talyplar forumyň halkara meýdançasyna hasaba durup, 2025-nji ýylyň 14-nji martyna çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynyň degişli bölümi arkaly öz çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny ugradyp bilerler. Maslahatyň iş dilleri "rus" we "iňlis" dilleridir.

Ylym-bilim ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahatynyň iki bölümçesiniň türkmen Ýokary lingwistik mekdebinde geçirilmegi hem munuň subutnamasydyr.

Maslahatyň dowamynda institutyň geljekki dilçileri we ýaş hünärmenleri agzalan bölümçeleriň çäklerinde lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri boýunça ylmy çykyşlary ederler. Ylmy işleriň awtorlary bolsa, ylmy maslahatda çykyş ederler, olaryň ylmy barlaglarynyň gysgaça beýanlary halkara derejesinde indekslenýän elektron ýygynda giriziler. Bulardan başga-da, iň oňat işleriň awtorlary diplomlar we degişli Hormat hatlary bilen sylaglanar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026