HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert geçirildi

Mart 08, 2025 | 19:25 |7352
7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertine eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen gyz-gelinler we zenanlar ýygnandylar7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertine eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen gyz-gelinler we zenanlar ýygnandylar
Çeşme: TDH

7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertine eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen gyz-gelinler we zenanlar ýygnandylar.

1

Halkara zenanlar güni – sungatyň üsti bilen zenanlara buýsanjy we hormaty beýan etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Maşgala ojagynyň goragçysy keşbi, sungat ussatlaryny hem ruhlandyryp, olar gözellik nusgasy bolan zenanlara bagyşlap çykyş etdiler.

Konsertiň ajaýyp uwertýurasy bolup, meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň hem-de horeografiýa we hor toparlarynyň bilelikdäki ansambly tarapyndan ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýa – «Enä tagzym- mukaddeslige tagzym» çykyş etdi.

2

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» eseriniň esasynda döredilen sahna görnüşli çykyş bolsa, enelere bagyşlanyldy. Artistleriň çykyşlary, eziz Diýarymyzyň garaşsyzlygynyň, onuň parahatçylygynyň we abadançylygynyň, nurana geljegiň hem-de zenanlaryň bagtyýar keşbinin waspyny ýetirdi.

3

Konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, saz ansambllarynyň hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda eziz gyz-gelinlere, enelere we uýalara bolan mähirli gutlaglar beýan edildi.

Sahnada ýaňlanan aýdymlarda zenanyň täsin sypatlary – mähir-muhabbeti, sadalygy, ruhubelentligi, paýhaslylygy, gözelligi we wepalylygy, enäniň söýgüsi wasp edildi.

4

Tomaşaçylaryň ruhuny göteren pursatlaryň biri hem, Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Ýadymda» aýdymy boldy. Sungatyň ajaýyp nusgasyna öwrülen bu aýdym ýagty arzuwlara, çyn söýgä we geljege bolan umyda bagyşlandy. Folklor topary «Serpaý» bilen tans topary «Näzli», bu sahna çykyşynyň özboluşly täsirli öwüşginini has-da artdyrdy.

Şowhunly el çarpyşmalary bilen garşy alynan çykyşlarynyň biri hem halk tansy – küştdepdi boldy. «Miras» folklor topary tarapyndan ýerine ýetirilen bu tans, milli sungatyň aýratyn nusgasy bolup, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni däpler bilen ruhy tejribeleriň utgaşygyny şöhlelendirdi.

5

Konsertiň jemleýji pursady bolsa, dabaranyň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetiren «Bagtyýar diýaryň mähribanlary» aýdymy boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026