HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

XII synp mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

Mart 05, 2025 | 19:30 |7595
Golaýda Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XII synp okuwçylary üçin «Türkmen dili» we «Geometriýa» dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildiGolaýda Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XII synp okuwçylary üçin «Türkmen dili» we «Geometriýa» dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi
Çeşme: education.gov.tm

Golaýda Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XII synp okuwçylary üçin «Türkmen dili» we «Geometriýa» dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi.

«Türkmen dili» (awtorlary: M.Isaýewa, S.Saparowa, I.Durdyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) kitabynda türkmen edebi diliniň stilleri, stilistikanyň görnüşleri, funksional stiller, ene diliň edebi normalary we sözleýiş medeniýeti beýan edilipdir.

Şeýle hem kitapda häzirki bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli mazmunly tekstler, okuwçylaryň ýaş we indiwidual aýratynlyklary göz öňüne tutulan ýumuşlar ýerleşdirilipdir.

«Geometriýa» (awtorlary: G.Şadurdyýew, Ý.Abaýew, B.Beknazarow, A.Sapargeldiýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) okuw kitaby jemi üç bapdan ybarat bolup, onuň I baby köpgranlyklara, II baby aýlanma jisimlere, III baby bolsa, köpgranlyklaryň we aýlanma jisimleriň göwrümine bagyşlanypdyr.

Bulardan başga-da, bu okuw kitabynda geometrik jisimler, tekiz figuralar barada hem gyzykly maglumatlar bar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026