HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde zenan gözelligine we olaryň zehinine bagyşlanan sergi

Mart 04, 2025 | 19:21 |7218
3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanyň bagty – zeminiň bagty” ady bilen sergi açyldy. Onda muzeýiň gaznasyndan çeper eserler we gadymy hazynalar hödürlendi3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanyň bagty – zeminiň bagty” ady bilen sergi açyldy. Onda muzeýiň gaznasyndan çeper eserler we gadymy hazynalar hödürlendi
Çeşme: orient.tm

3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanyň bagty – zeminiň bagty” ady bilen sergi açyldy. Onda muzeýiň gaznasyndan çeper eserler we gadymy hazynalar hödürlendi.

Eksponatlaryň arasynda – açyk reňkleri bahary ýada salýan, türkmen senetçileri tarapyndan elde nagyşlanan ýaşyl, sary we ak ýapynjalar bar. Asyrlaryň jümmişinden gözbaş alyp gaýtýan zenanlarynyň el işleriniň däpleri bu ýerde sergilenen suratlaryň arasynda Y.Gylyjowyň “Jadyly nagyşlar” we Ş.Akmuhammedowyň “Halk döredijili” atly eserlerinde öz beýanyny tapdy.Şeýle hem, beýleki meşhur suratkeşleriň bahar we zenanlar bilen baglanyşykly baý gözellik dünýäsini açyp görkezýän eserleri hödürlendi. Olaryň arasynda R.Muhammedowyň “Eje”, G.Barannikowyň “Gelin” we beýlekileriň eserleri bar.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Soňra meşhur teatr sungat işgärlerine, Maýa Kulyýewanyň adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlaryna we Döwlet kitaphanasynyň işgärlerine söz berildi. Olar zenanlaryň ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine goşýan goşandyny bellediler we sungatyň dürli görnüşlerinde zenanlaryň döreldesiniň çeper keşbi barada gürrüň berdiler.

Döwlet muzeýi Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl birnäçe medeni çäreleri şol sanda göçme sergileri hem gurnaýar. Olaryň biri 26-njy fewralda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen däp bolan “Talyp gözelligi” atly bäsleşiginiň çäginde gurnaldy. Türkmen halkynyň maddy we medeni gymmatlyklarynyň sergisinde milli haly we haly önümleri, egin-eşik we öý goşlary görkezildi. Ýaşlaryň arasynda şeýle sergileri guramak ýaş nesliň öz halkynyň taryhy we medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary baradaky bilimlerini artdyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026