HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Klassikadan etno çenli: skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň köpugurly zehini

Mart 02, 2025 | 00:25 |16362
Türkmenistanly zehinli skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň ady eýýäm Watanymyzyň çäklerinden daşda-da mälimdir. Ol M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Russiýanyň sazçylyk Akademiýasynyň assistentura-stažirowkasynyň uçurymy, halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, simfoniki orkestriň we kirişli kwartetiniň solisti, konserwatoriýanyň kirişli saz gurallar kafedrasynyň mugallymy bolup, ýaşdygyna garamazdan, eýýäm diňleýjileriň söýgüsini we kärdeşleriniň hormatyny gazanmagy başardyTürkmenistanly zehinli skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň ady eýýäm Watanymyzyň çäklerinden daşda-da mälimdir. Ol M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Russiýanyň sazçylyk Akademiýasynyň assistentura-stažirowkasynyň uçurymy, halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, simfoniki orkestriň we kirişli kwartetiniň solisti, konserwatoriýanyň kirişli saz gurallar kafedrasynyň mugallymy bolup, ýaşdygyna garamazdan, eýýäm diňleýjileriň söýgüsini we kärdeşleriniň hormatyny gazanmagy başardy
Çeşme: awtordan

Türkmenistanly zehinli skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň ady eýýäm Watanymyzyň çäklerinden daşda-da mälimdir. Ol M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Russiýanyň sazçylyk Akademiýasynyň assistentura-stažirowkasynyň uçurymy, halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi, simfoniki orkestriň we kirişli kwartetiniň solisti, konserwatoriýanyň kirişli saz gurallar kafedrasynyň mugallymy bolup, ýaşdygyna garamazdan, eýýäm diňleýjileriň söýgüsini we kärdeşleriniň hormatyny gazanmagy başardy.

Aýbölek sazandalar maşgalasynda dünýä indi. Kakasy-dirižýor, köp ýyllaryň dowamynda M.Kulyýewa adyndaky konserwatoriýanyň dirižýorçylyk kafedrasynda sapak berýär. Aýbölek 6 ýaşynda skripka çalmagy öwrenip başlady we 7 ýaşynda TMK-nyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen orta mekdebe okuwa girdi. Onuň ilkinji halypasy, Türkmenistanyň Halk artisti Z. Ahmetjanowa, ýaş zehiniň hünär taýdan ösmegine, işine jogapkärli çemeleşmegine we ýokary ussatlyk gazanmagyna uly täsir etdi.

02032025-talant-skripachki-ajbolek-muhievoj (3).jpeg

Mekdep ýyllarynda Aýbölek Türkmenistanyň Halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky skripkaçylar ansamblynyň düzüminde çykyş etdi. Bu meşhur toparyň solisti bolup, Sankt-Peterburg, Malaýziýa, Belarusiýa ýaly ýurtlarda we şäherlerde ençeme konsert bilen çykyş etdi.

Ansamblda we hünär sapaklarynda diňlenilen baý repertuar—milli eserlerden başlap, klassiki we häzirki zaman kompozisiýalaryna çenli, şeýle hem aktiw konsert işi, oňa uly tejribe toplamak we öz ukybyny ösdürmek üçin mümkinçilik berdi. Mekdebi tamamlan soň, Aýbölek orta hünär okuw jaýlarynyň arasynda geçirilen bäsleşige gatnaşdy. Ol bu bäsleşikde birinji orna mynasyp bolup, şol üstünlik onuň Türkmenistanyň halk artisti, görnükli pedagogy Nikolaý Amiýansyň synpyna Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girmegine ýol açdy.

Aýbölek bu ýyllary uly hoşallyk bilen ýatlaýar. Mekdep ýyllary onuň aktrisalyk ussatlygynyň, toparlaýyn we şahsy döredijiliginiň, iň esasysy bolsa, öz saz guralyna bolan söýgüsiniň hem-de onuň tehniki we duýguly aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmeginiň binýadyny goýdy. Şol döwürde ol G. Wenýawskiý, E. Lalo, A. Haçaturýan ýaly belli kompozitorlaryň konsertlerini, şeýle hem ençeme daşary ýurt we türkmen eserlerini ýerine ýetiripdi.

Konserwatoriýa kabul edileninden soň, Aýbölek aktiw ýerine ýetirijilik işini dowam etdirdi we abraýly halkara bäsleşiklerine gatnaşdy. Ilkinji talyplyk bäsleşigi 2018-nji ýylda Gümri (Ermenistan) şäherinde geçirilen «Renessans» atly festiwalda boldy. Ol bu bäsleşikde birinji premiýa mynasyp boldy. Ýaryş üçin taýýarlan çylşyrymly programma Paganininiň, Sibeliusyň, Bahyň we Şapoşnikowyň eserlerini öz içine alýardy.

2019-njy ýylda Rimde geçirilen «Melos» atly halkara bäsleşiginde oňa Gran-pri baýragy gowşuryldy. Bu ýeňişde onuň ökde konsertmeýsteri, halkara bäsleşikleriniň diplomanty, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Stella Faramazowanyň hem uly goşandy bardy.

02032025-talant-skripachki-ajbolek-muhievoj (5).jpeg

Aýbölek aýratyn konsert çykyşlary bilen birlikde, döwlet simfoniki orkestriniň we kamera orkestriniň düzüminde hem çykyş etdi. Bu toparlaryň düzüminde Germaniýada geçirilen Wagner festiwalyna, Moskwada, Belarusiýada, Gyrgyzystanda we beýleki ýurtlarda geçirilen Türkmen medeniýet günlerine gatnaşdy.

Konserwatoriýany üstünlikli tamamlanyndan soň, Aýbölek Russiýanyň Gnesinler adyndaky Saz akademiýasynyň assistentura-stažirowkasyna kabul edildi. Ol ýerde professor W. Igolinskiý bilen işleşmek mümkinçiligine eýe boldy. Moskwada geçen iki ýyllyk okuw onuň sazyň inçeliklerini has çuňňur duýmagyna, skripka eserleriniň tehniki we äheň aýratynlyklaryny düýpli öwrenmegine kömek etdi.

Bu döwürde ol Moskwanyň meşhur Rahmaninow zalynda, Gnesinler akademiýasynyň Uly zalynda, Şuwalowa adyndaky Myhmanlar zalynda çykyş edip, dünýäniň klassiki we türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdi. Ýokary derejeli çykyşlaryň repertuarynda Bah, Mosart, Wenýawskiý, Paganini, Çaýkowskiý, Rawel ýaly beýik kompozitorlaryň eserleri orun aldy. Ol aspiranturany tamamlanda, nemes kompozitory Iogannes Bramsyň skripka konsertini ýerine ýetirdi.

Stažirowkany tamalan soň, Aýbölek Muhyýewa Aşgabada dolanyp gelip, M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr fakultetiniň kirişli saz gurallary kafedrasynda mugallymçylyk işini dowam etdirýär. Ol pedagogik we konsert işlerini üstünlikli utgaşdyryp, ýekelikde hem-de kirişli saz toparlarynyň düzüminde çykyş edýär.

02032025-talant-skripachki-ajbolek-muhievoj (1).jpg

Geçen ýyl, beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, Aýbölek Muhyýewa birinji skripkaçy hökmünde kirişli kwartetiň düzüminde Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutar sesi» sungat festiwalyna gatnaşdy. Kwartetiň ýerine ýetiren eserleri şahyra bagyşlanyp, onuň goşgularyna esaslanyp döredildi. Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň meşhur Rahmaninow zalynda türkmen sazandalary ýokary ussatlygyny we ýokary hünär derejesini görkezdiler.

Aýbölek Muhyýewanyň her sahna çykyşynda diňleýjiler onuň ajaýyp zehinine haýran galýarlar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda geçen solosyna tomaşaçylar aýratyn täsirlenipdi. Sahnada yşyklandyryş ulgamynda ýüze çykan tehniki näsazlyga garamazdan, ol Sen-Sansyň «Rondo kapriççiozo» we Montiniň «Çardaş» eserlerini ýeňillik bilen ýerine ýetirdi. Bu onuň diňe bir ýokary ussatlylygyny däl, eýsem, sahnada ýüze çykýan garaşylmadyk ýagdaýlara uýgunlaşyp bilýändigini hem subut etdi.

02032025-talant-skripachki-ajbolek-muhievoj (4).jpeg

Aýbölek Muhyýewanyň ýerine ýetirijilik stili inçe iäheňi, skripka sesiniň gözelligi, duýgurlygy we çuňňur mazmuny bilen tapawutlanýar. Onuň giň repertuary-klassik ussatlylygyndan romantik lirika we etno-medeni täsirleriň utgaşygyna çenli diňleýjilere baý saz dünýäsini açyp görkezýär.

Türkmenistanly ýaş skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň geljekde hem bizi öz ajaýyp ýerine ýetirijiligi we täze üstünlikleri bilen begendirmegine umyt bildirýäris.

Aliýa Umarowa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026