HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy aýdyňlaşdyrýar: suw meselesi, energetika, ulag

Fewral 28, 2025 | 23:40 |6804
28-nji fewralda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebitleýin direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar28-nji fewralda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebitleýin direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar
Çeşme: worldbank.org

28-nji fewralda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Bütindünýä bankynyň sebitleýin direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň arasynda energetika we arabaglanyşyk, durnukly ösüşiň esasy faktory hökmünde suw serişdelerini netijeli dolandyrmak ýaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýa sebitindäki suw meselelerini çözmek boýunça özüniň esasy üç ýörelgä esaslanýan üýtgewsiz resmi garaýyşlaryny mälim etdi: birinjiden, halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, ikinjiden, sebitiň ähli döwletleriň bähbitleriniň nazara alynmagy hem-de üçünjiden, bu işlere halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň gatnaşmagy.

Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynda gidrotehniki hem-de suw hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň ýokary tehnologiki, ekologiýa, tehniki we beýleki halkara ülňüleriniň berk berjaý edilmeginde amala aşyrylmalydygy aýratyn bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar ulag we arabaglanyşyk, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Raşid Meredow we Antonella Bassani ähli esasy ugurlarda şol sanda, energetika, ulag we arabaglanyşyk, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Bir gün öň, 27-nji fewralda Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow bilen hem duşuşyp bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläkki ädimler barada ylalaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026