HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yslam banking tejribesini Russiýanyñ beýleki sebitlerine hem giñeltmegi meýilleşdirýärler

Fewral 28, 2025 | 17:28 |6728
Şu ýylyñ maý aýynda geçiriljek KazanForum maslahatlaşmalarynyñ esasy mowzuklarynyñ biri - Yslam banking tejribesini ýurduñ beýleki sebitlerine hem giñeltmek meselesi bolar.Şu ýylyñ maý aýynda geçiriljek KazanForum maslahatlaşmalarynyñ esasy mowzuklarynyñ biri - Yslam banking tejribesini ýurduñ beýleki sebitlerine hem giñeltmek meselesi bolar.
Çeşme: kazanforum.ru

Şu ýylyñ maý aýynda geçiriljek KazanForum maslahatlaşmalarynyñ esasy mowzuklarynyñ biri - Yslam banking tejribesini ýurduñ beýleki sebitlerine hem giñeltmek meselesi bolar.

Şu günki gün ol Başkortostan, Tatarystan, Çeçnýa we Dagystanyñ çäklerinden geçýär. Yslam banking tejribesiniñ çäklerindäki möhüm maliýe önümleri AAOIFI Yslam maliýe institutlary üçin buhgalteriýa hasabaty we audit guramasynda sertifisirlenen ýerli hünärmenler tarapyndan işläp taýýarlandy.

Tatarystan Respublikasynyñ Raisi, Strategiki garaýyş toparynyñ başlygy Rustam Minnihanow şeýle belledi: "Şu gün AAOIFI bilen özara gatnaşyklary ösdürmek biziñ üçin möhüm wezipedir". R.Minnihanowyñ aýtmagyna görä, Russiýa we musulman döwletleriniñ hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýanyñ iñ iri ykdysady meýdançasy bolup, "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" bolup durýar.

XVI "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly Halkara ykdysady forumy 2025-nji ýylyñ 13-18-nji maýy aralygynda Kazanda geçiriler. Çärä gatnaşmak üçin şu salgyda bellige alnyp bilersiñiz: https://reg.kazanforum.ru/ru/registration.

Çäräniñ taýýarlaýyş we guramaçylyk işleriniñ operatory bolup Roskongress Gaznasy çykyş edýär. Operatoryñ ýerine ýetiriji direksiýasy bolup "Sport we durmuş taslamalarynyñ direksiýasy" awtonom täjirçilik däl guramasy bolup hyzmat edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026