HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Masato Kanda AÖB-iñ Prezidenti wezipesine girişdi

Fewral 25, 2025 | 12:10 |6424
24-nji fewralda Masato Kanda Aziýa ösüş bankynyñ (AÖB) 11-nji Prezidenti hökmünde resmi ýagdaýda wezipesine girişdi.24-nji fewralda Masato Kanda Aziýa ösüş bankynyñ (AÖB) 11-nji Prezidenti hökmünde resmi ýagdaýda wezipesine girişdi.
Çeşme: caravan-info.kg

24-nji fewralda Masato Kanda Aziýa ösüş bankynyñ (AÖB) 11-nji Prezidenti hökmünde resmi ýagdaýda wezipesine girişdi.

"Sebitimiz üçin şeýle wajyp döwürde AÖB-iñ Prezidenti wezipesine girişmek meniñ üçin uly mertebedir" - diýip, jenap Kanda belledi. "69 ýurduñ ynamy bilen hem-de biziñ yhlasly işdeşlerimiziñ kömegi bilen, men durnukly we inklýuziw ösüşe ýardam bermek boýunça AÖB-iñ missiýasyny öñe sürmegi maksat edinýärin. Bilelikde biz bar bolan ösüş meselelerine täsir edip, AÖB-iñ sebitde hemişelik hyzmatdaş bolup galjagyny kepillendirÿäris".

Ol Masasugu Asakawañ ýerini tutup, öñdebaryjy tejribäniñ we innowasiýalaryñ mirasyny dowam etdirer. Jenap Kandanyñ wezipä bellenilmegi AÖB-iñ häzirki ewolýusiýasyny hem-de onuñ ösüp barýan ýurtlaryñ dinamiki zerurlyklaryny çözmäge bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär. Bank strategiki ösüşiñ täze tapgyryna girişýär, hem-de onuñ ýolbaşçylary AÖB-iñ güýçli mirasyna esaslanar, şeýle hem geljekki çagyryşlary we mümkinçilikleri çözmek üçin guramanyñ ornuny kesgitlär.

AÖB - öñdebaryjy köptaraply ösüş banky bolup, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly, inklýuziw we durmuşa ukyply ösüşi üpjün edýär. Çylşyrymly wezipeleri bilelikde çözmek üçin ýurtlary we hyzmatdaşlary bilen işleşip, adamlaryñ ýaşaýşyny özgertmek, ýokary hilli infrastrukturany döretmek hem-de planetamyzy gorap saklamak maksady bilen AÖB innowasion maliýe gurallaryny we strategiki hyzmatdaşlygy ulanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026