HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

75-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň baýraklarynyň ýeňijileri

Fewral 24, 2025 | 20:20 |7603
22-nji fewralda Germaniýanyň paýtagty Berlinde «Berlinale» ady bilen tanalýan Berlin halkara kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä kinematografiýasynyň iň abraýly festiwallarynyň biri bolan bu çäre, 2025-nji ýylda täze direktor Trişa Tattlyň ýolbaşçylygynda 75 ýyllygyny belledi22-nji fewralda Germaniýanyň paýtagty Berlinde «Berlinale» ady bilen tanalýan Berlin halkara kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä kinematografiýasynyň iň abraýly festiwallarynyň biri bolan bu çäre, 2025-nji ýylda täze direktor Trişa Tattlyň ýolbaşçylygynda 75 ýyllygyny belledi
Çeşme: kinometro.ru

22-nji fewralda Germaniýanyň paýtagty Berlinde «Berlinale» ady bilen tanalýan Berlin halkara kinofestiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä kinematografiýasynyň iň abraýly festiwallarynyň biri bolan bu çäre, 2025-nji ýylda täze direktor Trişa Tattlyň ýolbaşçylygynda 75 ýyllygyny belledi.

Esasy bäsleşigiň emin agzalaryna başlyklyk eden režissýor Todd Heýns, festiwalyň iň uly sylagy – «Altyn Aýy» norwegiýaly režissýor Dag Ýohan Heýgerudyň «Arzuwlar» («Dreams») filmne gowşurdy.

24022025-kinofestival (2).jpg

Ikinji derejeli baýrak – eminler toparynyň Grand-pri sylagy braziliýaly režissýor Gabriel Maskarunyň «The Blue Trail» («Gök Ýoda») filmi üçin gowşuryldy. Bu film, ömrüniň ahyryny asuda garrylar öýünde geçirmegiň deregine, Amazon derýalarynyň içgin hem howply syýahatyna çykmagy makul bilýän ýaşuly aýal Tereza barada gürrüň berýär.

«Kümüş Aýy» baýragy Fransiýaly režissýor we ssenarist Lýusil Hadzihalilowiçe, Germaniýa bilen Fransiýanyň bilelikde döreden «La Tour de Glace» («Buz Diňi») filmi üçin gowşuryldy. «Kümüş Aýy» baýragy iň gowy senariýa üçin – rumyniýaly Radu Jude «Kontinental '25» tragikomediýasy üçin gowşuryldy. «Kümüş Aýy» baýragy ikinji planyň iň gowy rol ýerine ýetirijisi – Endrýu Skotta, amerikan režissýory Riçard Linkleýteriň «Blue Moon» («Gök Aý») filmindäki keşbi üçin gowşuryldy. Bu film festiwalyň tomaşaçylar tarapyndan iň halanan eserleriniň biri boldy.

«Kümüş Aýy» baýragy Baş roldaky iň gowy keşp üçin – awstraliýaly aktrisa Rouz Birn, «If I Had Legs I'd Kick You» («Eger aýaklarym bar bolan bolsa, seni depäýerdim») filmindäki keşbi üçin. Bu film horror hem gara komediýa bolup, ýarowsyz gyzyň ejesiniň durmuş kynçylyklary barada gürrüň berýär. Iň gowy režissýorlyk işi üçin heýkeljigi hytaýly Ho Mena, «Living the Land» («Ýer ýüzünde ýaşamak») filmi üçin berildi.

Bu film dört nesliň taryhyny öz içine alýan maşgala sagasydyr. Ol Hytaýyň oba hojalygyndan şäherleşmäge geçiş prosesini, ynsanlaryň durmuş ýörelgeleriniň we borç düşünjeleriniň üýtgemegini beýan edýär. Eminler toparynyň baýragy – «El mensaje» («Ýüzlenme») atly argentinaly režissýor Iwan Fundanyň filmi üçin gowşuryldy. Bu gara-ak reňkli fantastiki drama filminde haýwanlar bilen gepleşmek ukybyna eýe bolan gyz hakda gürrüň berilýär.

Berlin kinofestiwalynyň «Forum» maksatnamasynda Gazagystanyň öňdebaryjy režissýorlarynyň biri bolan Adilhan Ýerjanowyň «Kadet» filmi görkezildi. Bu film, geçen ýyl Tokiodaky kino görkezilişde hem görkezilipdi. Filmde enäniň öz ogluny harby mekdebe ýerleşdirmek üçin başdan geçiren wakalary hakda gürrüň berilýär. Oglan kiçijik ýaşyndan daşky keşbi we mylaýym häsiýeti sebäpli klasdaşlarynyň zalymlygyna sezewar bolýar. 75-nji Berlin kinofestiwaly häzirki kinematografiýanyň dürlüligini we çuňlugyny görkezdi. Festiwal, täze ýolbaşçy Trişa Tattlyň baştutanlygynda hem-de çeperçilik gazananlary bilen häzirki döwür sosial we syýasy meseleleri utgaşdyryp, döwrümiziň çylşyrymlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirmegi dowam etdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026