HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda kanunçykaryjylar üçin toplumlaýyn gender çemeleşmesi boýunça seminar geçirildi

Fewral 22, 2025 | 20:20 |6222
18-19-njy fewralda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşmagynda toplumlaýyn gender çemeleşmesini ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanan seminar geçirildi. Çäräni BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekiliýeti, Aziýa ýurtlarynyň ilat we ösüş meseleleri boýunça parlament forumy (AFPPD) bilen bilelikde gurnady18-19-njy fewralda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşmagynda toplumlaýyn gender çemeleşmesini ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanan seminar geçirildi. Çäräni BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekiliýeti, Aziýa ýurtlarynyň ilat we ösüş meseleleri boýunça parlament forumy (AFPPD) bilen bilelikde gurnady
Çeşme: UNFPA

18-19-njy fewralda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşmagynda toplumlaýyn gender çemeleşmesini ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanan seminar geçirildi. Çäräni BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekiliýeti, Aziýa ýurtlarynyň ilat we ösüş meseleleri boýunça parlament forumy (AFPPD) bilen bilelikde gurnady.

Seminara kanunçylyk, adam hukuklary, halkara gatnaşyklar, durmuş syýasaty boýunça parlament komitetleriniň agzalary, AFPPD-nyň ýerine ýetiriji direktory Farruh Usmonow we UNFPA-nyň wekilleri gatnaşdy. Şeýle hem seminara onlaýn görnüşde UNFPA-nyň gender deňligi boýunça sebit geňeşçisi Gabriela Alwarez Minte we Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň AHBÝK sebitleýin bölüminiň başlygynyň orunbasary Fabio Piana gatnaşdy.

Seminaryň dowamynda UNFPA-nyň halkara bilermeni Morgan Landel zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara kanunçylyk tejribesi we degişli kadalary Türkmenistanyň milli kanunçylygyna girizmegiň zerurlygy barada maglumat berdi. AFPPD-nyň wekili forumyň işi, aýratyn-da, agza döwletleriň jemgyýetlerine peýda getirýän kanunçylyk we syýasaty öňe sürmekdäki tagallalary barada maglumat paýlaşdy.

22022025-dlya-zakonotvorcev-turkmenistana (1).jpg

20-nji fewralda Türkmenistanyñ halkara borçnamalarynyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatdaky ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň iş toparynyň wekilleri bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga dürli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşyp, zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek we olary gender zorlugyndan goramak babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar.

Bu çäreler, Türkmenistanda 2022-2025-nji ýyllar üçin maşgala we zenan saglygy boýunça milli seçme barlagynyň maslahatlaryny hem-de 2024-nji ýylyň mart aýynda zenanlara garşy diskriminasiýany ýok etmek baradaky Komitetiň Jemleýji maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegine tehniki goldaw bermek çäginde gurnaldy. BMG-niň Ilat Gaznasy (UNFPA) bu möhüm ugurda Türkmenistanyň hökümeti we parlamenti bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi diýip, guramanyň wekilhanasynyň metbugat beýannamasynda bellenilýär.

UNFPA – bu ilat we ösüş meseleleri bilen meşgullanýan halkara agentlikdir. Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Parlamentara Forum (AFPPD) bolsa, 30 milli komiteti özünde jemleýän we merkezi Ýaponiýanyň Tokio şäherinde ýerleşýän parlamentara ulgamdyr. Bu forum ilat we ösüş meseleleri, şol sanda gender deňligi hem-de zenanlara garşy zorluga garşy göreş babatda kanunçylyk we syýasat boýunça pikir alyşmak we maslahatlary taýýarlamak üçin platforma bolup hyzmat edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026