HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatly mekdep okuwçylary guşlaryň täsin dünýäsi bilen tanyşdyryldy

Fewral 20, 2025 | 20:20 |5381
Halkara guşlar gününiň hormatyna, Türkmenistanyň Döwlet muzeýi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde fewral aýynda Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda guşlara bagyşlanan bäsleşikleri geçirýärHalkara guşlar gününiň hormatyna, Türkmenistanyň Döwlet muzeýi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde fewral aýynda Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda guşlara bagyşlanan bäsleşikleri geçirýär
Çeşme: orient.tm

Halkara guşlar gününiň hormatyna, Türkmenistanyň Döwlet muzeýi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde fewral aýynda Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda guşlara bagyşlanan bäsleşikleri geçirýär. 19-njy fewral, çarşenbe güni Döwlet muzeýi Aşgabat şäheriniň 53-nji orta mekdebinde göçme sergi gurady. Sergide guşlaryň 18 görnüşi gäp görnüşinde, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde duş gelýän 14 görnüşiniň fotosuratlary görkezildi.

Muzeýiň ylmy işgärleri mekdep okuwçylaryna bu baýramyň taryhy, ýurdumyzda ýaşaýan käbir guş görnüşleri we guşlaryň durmuşyndaky gyzykly wakalar barada gürrüň berdiler. Berlen maglumatlaryň esasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda guşlaryň görnüşleri, taryhy maglumatlary we biologik aýratynlyklary bilen baglanyşykly test görnüşinde bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde iň gowy netijeleri görkezen 20 okuwça Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalyndaky guşlar ekspozisiýasy bilen tanyşmaga hem-de bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.

Halkara guşlar güni – her ýyl 1-nji aprelde bellenilýän ekologiýa baýramydyr. Onuň esasy maksady guşlaryň görnüş köpdürlüligini we sanyny gorap saklamakdan ybaratdyr. Guşlar biologik ekoulgamda möhüm orun eýeleýär. Islendik görnüşiň ýitip gitmegi tebigy deňagramsyzlyga sebäp bolup, bizi ekologiýa betbagtçylygyna has golaýlaşdyryp biler.

Guşlaryň umumy gününi geçirmek pikiri bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Birleşen milletler guramasyna – ÝUNESKO degişlidir. Halkara Guşlar güni mynasybetli kitaphanalar we beýleki medeniýet edaralary sergileri, surat bäsleşiklerini, ekologiýa terbiýesine gönükdirilen bilim beriji çäreleri guraýarlar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026