HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tähranda hazarýaka döwletleriň gatnaşmagynda 3-nji Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Fewral 18, 2025 | 08:45 |5342
Duşenbe güni Tähranda hazarýaka döwletleriniň gatnaşmagynda III Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. The Caspian Post-yň habar bermegine görä, foruma Azerbeýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag we söwda edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçiler hem-de kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlarDuşenbe güni Tähranda hazarýaka döwletleriniň gatnaşmagynda III Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. The Caspian Post-yň habar bermegine görä, foruma Azerbeýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag we söwda edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçiler hem-de kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar
Çeşme: caspianpost.com

Duşenbe güni Tähranda hazarýaka döwletleriniň gatnaşmagynda III Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. The Caspian Post-yň habar bermegine görä, foruma Azerbeýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag we söwda edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçiler hem-de kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu forumyň maksady hazarýaka döwletleriniň arasynda ykdysady, söwda, ylym we tehnologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekdir. Esasy meseleleriň hatarynda energetika, maliýe, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, erkin söwda zolaklaryna maýa goýumlary we logistika bar.

Forumyň çäklerinde bäş hazarýaka döwletiniň wekilleriniň hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça ministrleriň yzygiderli duşuşyklary arkaly alnyp barylýan çäreleri öz içine alýan jemleýji jarnama gol çekmegine garaşylýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref III Hazar ykdysady forumynda çykyş edip: “Hazar ykdysady forumy hazarýaka döwletleriniň özara peýdaly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin möhüm meýdançadyr. Bu ýurtlaryň umumy ilaty 300 milliondan gowrak bolup, umumy haryt dolanyşygy 700 milliard dollara ýetýär. Olar bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň berkemegi döwletleriň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär» diýip belledi.

Hazar deňzinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanda gol çekildi. Şol ylalaşygyň 5-nji maddasyna laýyklykda, Hazar ykdysady forumy nobatma-nobat hazarýaka döwletleriniň her birinde geçiriler. Ilkinji Hazar ykdysady forumy we sergi 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda, Awazada geçirildi. Ikinji forum bolsa 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Moskwada geçirildi.

MA

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026