DMC Arıtma - IFT 2025 forumynyñ kümüş hyzmatdaşy


2025-nji ýylyñ 18-nji martynda Aşgabatda ilkinji gezek "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumy geçirilip, ol ýurduñ maýa goýum geljegini we ileri tutulýan taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin köpsanly ýurtlaryñ gatnaşyjylaryny ýygnar. Geçiriljek çäräniñ guramaçylary bolup, Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmenistanyñ Söwda-senagat edarasy "TМТ Consulting Group" HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Bu möhüm forumyñ kümüş hyzmatdaşy bolup, 2014-nji ýyldan bäri suwy arassalamak üçin innowasion çözgütler babatda öñdebaryjy türk DMC Arıtma kompaniýasydyr. Akdyrylýan hapa suwlary arassalamak, şäher suw geçiriji suwlary işlemek hem-de deñiz suwuny süýjetmek ulgamlary gurnamak ýaly esasy ugurlara ýöriteleşen bu kompaniýa, çylşyrymly ekologiýa meselelerini çözmekde özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy.

DMC Arıtma öz işini ekologiýa kadalaryñ we durnukly ösüş ýörelgeleriñ berk berjaý edilmeginiñ esasynda gurnaýar. Kompaniýa öñdebaryjy tehnologiýalary işjeñ ornaşdyrýar. Olar bolsa diñe bir arassalamak prosesiniñ netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem daşky gurşawa bolan täsiri azaldýar.
Munuñ özi DMC Arıtma kompaniýasyna bar bolan hem-de geljekki ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berýär. Kompaniýanyñ üstünliginiñ esasy faktorlarynyñ biri innowasiýalaryñ ornaşdyrylmagydyr. DMC Arıtма öz müşderilerine iñ döwrebap we netijeli çözgütleri hödürlemek maksady bilen, ylmy-barlaglara we işläp taýýarlamalara maýa goýum edýär. Kompaniýanyñ tehnologiýalary hem önümçilik kärhanalarynyñ hapa suwlaryny arassalamakda, hem şäher ilatly nokatlary agyz suw bilen üpjün etmekde ygtybarlylygyñ we öndürijiligiñ iñ ýokary derejesini görkezýär.

Ekologiýa jogapkärçiligiñ, tehnologiýa innowasiýalaryñ we durnukly ösüşe gönükdirilen çözgütleriñ utgaşdyrylmagynyñ netijesinde, DMC Arıtма suwy taýýarlamak we ony arassalamak babatda döwrebap we ekologiýa taýdan howpsuz çözgütleri ornaşdyrmaga çalyşýan kärhanalar we munisipalisetler üçin ygtybarly hyzmatdaş bolmagynda galýar.
Şu gün DMC Arıtма diñe bir kompaniýa däl, eýsem ol ýokary hiliñ, innowasiýalaryñ we daşky gurşaw baradaky aladanyñ nyşanydyr. Onuñ çözgütleri arassa suwuñ her kim üçin elýeterli bolan durunkly geljegi döretmäge ýardam berýär.
Şu günki gün 21 ýurda wekilçilik edýän 100 wekil IFT 2025 forumyna gatnaşmaklaryny tassyklady. Çäräniñ çäklerinde hususy bölegiñ ösüşine, şeýle hem Türkmenistanyñ ykdysadyýetiniñ strategiki taýdan möhüm pudaklaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maýa goýumlary çekmek mümkinçiliklerine degişli esasy meseleler barada maslahatlaşylar. Gatnaşmak baradaky giñişleýin maglumatlary çäräniñ web-saýtynda tapyp bolýar:ift.com.tm.
ORIENT news







