HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

Iýul 20, 2026 | 23:30 |7210
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdilerTürkmenistanyň mekdep okuwçylary 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Abraýly ylmy bäsleşige dünýäniň 92 döwletinden 363 okuwçy gatnaşdy. Gatnaşyjylar himiýanyň nazary esaslary boýunça bilimlerini hem-de çylşyrymly barlaghana synaglaryny geçirmek ukyplaryny görkezdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň dört agzasy hem Watanymyza medallar bilen dolandy. Ýurdumyza Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary wekilçilik etdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow kümüş medala mynasyp boldy. 12-nji synp okuwçylary Diýar Döwletow, Aýlar Orunowa we Rustem Jumaýew bolsa bürünç medallary gazandylar.

Bu üstünlik Türkmenistanyň köpýyllyk ýeňişli däbiniň dowamyna öwrüldi. Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medal — 1 altyn, 12 kümüş we 20 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzda abraýly ders olimpiadalarynyň ýeňijileri döwlet derejesinde hormatlanyp, medallar we pul baýraklary bilen sylaglanylýar.

Türkmen okuwçylarynyň dünýä bilim giňişliginde gazanýan ýokary netijeleri milli bilim ulgamynyň netijeliligini tassyklaýar hem-de ýaş alymlaryň intellektual kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026