HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TULM "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde ikitaraplaýyn konteýner otly düzümleriniñ gatnawyny amala aşyrýar

Fewral 19, 2025 | 19:50 |6275
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" (TULM) bu ugur boýunça ýükleriñ netijeli daşalmagyny hem-de logistika işleriniñ utgaşdyrylmagyny üpjün edýär."Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" (TULM) bu ugur boýunça ýükleriñ netijeli daşalmagyny hem-de logistika işleriniñ utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Çeşme: www.tulm.tm

Bäsdeşlige ukyply hem-de özüne çekiji ýol nyrhlaryny ulanmak maksady bilen döredilen täze "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa ýurtlary we gaýdyşyn ugry boýunça ýükleriñ daşalmagy amala aşyrylýar.

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" (TULM) bu ugur boýunça ýükleriñ netijeli daşalmagyny hem-de logistika işleriniñ utgaşdyrylmagyny üpjün edýär. Bu barada TULM resmi saýtynda habar berýär.

2025-nji ýylyň fewral aýynda TULM tarapyndan "CASCA+" ugry boýunça ugradylan ilkinji ýükleriñ biri magdanlar we konsentratlar boldy. Olar Sergeli stansiýasyndan 180 sany 20 futlyk konteýnerlerde demirýol wagonlary arkaly Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna getirilip, fider gämileri arkaly Ýewropa ýurtlaryna ugradyldy.

"CASCA+" halkara multimodal ulag-üstaşyr taslamasynyñ çäklerinde yzyna gaýdyşyn ugry boýunça Poti we Batumi portlaryndan Özbegistan Respublikasyna 5 sany otly düzümi ugradyldy. TULM olaryñ bir wagtda 4 sany azerbeýjan gämilerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna getirilip, wagonlara ýüklenip Özbegistan Respublikasynyň degişli stansiýalaryna ugratmaklykda işler alnyp barylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026