HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TASS Sankt-Peterburgda Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasynyň 19-njy Baş assambleýasyny geçirer

Fewral 18, 2025 | 15:25 |4794
Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň biri bolan TASS 2025-nji ýylyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasynyň 19-njy Baş assambleýasyny (OANA) geçirmäge hukugy aldy.Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň biri bolan TASS 2025-nji ýylyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasynyň 19-njy Baş assambleýasyny (OANA) geçirmäge hukugy aldy.
Çeşme: uza.uz

Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň biri bolan TASS 2025-nji ýylyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasynyň 19-njy Baş assambleýasyny (OANA) geçirmäge hukugy aldy.

Bu baradaky karar Kuala-Lumpurda geçirilen OANA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde bir agyzdan kabul edildi. Munuň özi halkara maglumatlar bileleşiginde TASS-yň ýokary abraýyny açyp görkezýär. OANA-nyň Baş sekretary Zaman Rezahani bu çözgüdiň TASS-a hem-de onuň çäreleri ýokary derejede geçirmäge ukybyna bolan ynamyň subutnamasydygyny aýtdy.

TASS-yň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman gatnaşyjylary agentligiň Baş assambleýany iň ýokary derejede geçirilişini üpjün edip, gatnaşyjylara Russiýanyň tanymal syýasatçylary we jemgyýetçilik işgärleri bilen duşuşmaga mümkinçiligini hödürlejekdigine ynandyrdy.

Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Habarlar agentlikler guramasy (OANA) ÝUNESKO-nyň başlangyjy boýunça 1961-nji ýylda esaslandyrylyp, 35 ýurduň 40-dan gowrak habarlar agentliklerini birleşdirýär. Bu bolsa ony dünýäniň iri media guramasyna öwürýär. Baş assambleýa habarlar syýasatynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin möhüm çäre bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026