HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maýa goýumlar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň depginli ösmegini goldaýar

Fewral 17, 2025 | 23:55 |6632
öwletiň işjeň maýa goýum syýasaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly we depginli ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridiröwletiň işjeň maýa goýum syýasaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly we depginli ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridir
Çeşme: gettyimages.com

Döwletiň işjeň maýa goýum syýasaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly we depginli ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridir. Şu ýylyň ýanwar aýynda ykdysady pudaklarda geçirilen işleriň jemleri jemlenende, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 27,3% artandygy nygtaldy. Şeýle hem aýratyn pudaklarda, şol sanda oba hojalygynda, maýa goýumlary özleşdirmegiň ýokary derejesi bellenildi. Bu pudakda ýylyň başyndan bäri maýa goýum meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 388,5%-e deň boldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylaryna ýüzlenip, geçen aý maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 3 milliard manatdan geçendigini belledi. Bu bolsa halkyň durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga we welaýatlardaky iş orunlarynyň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş Maksatnamasynyň hem-de 2025-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady. Maýa goýumlaryň netijeli we maksada laýyk ulanylmagyna, ykdysady ösüşe we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmegine, şeýle hem JIÖ-niň durnukly ösüş depgininiň saklanmagyna we pudaklaryň utgaşykly ösmegine aýratyn üns berildi.

Döwlet maýa goýumlary bilen birlikde, Türkmenistan milli ykdysadyýete daşary ýurt maýalaryny çekmäge-de uly ähmiýet berýär. 18-nji martda Aşgabatda hususy sektora maýa goýum çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly Halkara forum geçiriler. Oňa gatnaşyjylar işewürligi ösdürmekde gazanylan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar. Forumyň halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan sessiýasynda işewür taslamalary maliýeleşdirmegiň we täze maýa goýum gurallaryny çekmegiň mümkinçiliklerine serediler.

Şeýle hem, 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk we maliýe pudaklarynyň ähli ugurlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guralýar.

Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, ygtybarly kanunçylyk binýady hem-de maýa goýumlaryň döwlet tarapyndan kepillendirilmegi ýaly faktorlar bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda daşary ýurt maýadarlary üçin institusional, hukuk we wiza meseleleri, şeýle hem maýa goýum kartasy we taslamalar bilen tanyşmak mümkin.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026