HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

Fewral 18, 2025 | 10:20 |7352
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlady. Döwlet Baştutany gutlaglarynda diplomatlaryň ýurduň halkara abraýyny berkitmekde hem-de parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdiPrezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlady. Döwlet Baştutany gutlaglarynda diplomatlaryň ýurduň halkara abraýyny berkitmekde hem-de parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlady. Döwlet Baştutany gutlaglarynda diplomatlaryň ýurduň halkara abraýyny berkitmekde hem-de parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi.

“Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, onuň dürli döwletler we halkara guramalar bilen dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek boýunça diplomatik gullugyň öňünde uly wezipeler durýar” – diýip, döwlet Baştutany belledi.

“Çylşyrymly dünýä şertlerinde döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleri halkara jemgyýetçilik tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamy, hormaty has-da artdyrmak, ýakyndan berilýän goldawlary mundan beýläk-de güýçlendirmek, dünýä giňişliginde bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak babatda tutanýerli zähmet çekmelidirler”.

Dünýä ösüşiniň gün tertibinde orun alan ählumumy meseleler boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki işjeňliginiň ýylsaýyn artýandygyny nygtap, Prezident: “döwletimiziň halkara işleriniň yzygiderli kämilleşmegine, dünýä meselelerine has döredijilikli çemeleşmegine ýardam berýär” diýip belledi.

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara meseleleriň çözülmeginde öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny, bitaraplyk ýörelgeleriniň giňden peýdalanylmagyny, parahatçylyk dörediji dialogyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, ynanyşmak medeniýetiniň dikeldilmegini häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda görýär diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şu günki halkara şertlerde derwaýys häsiýete eýe bolan bu ýörelgeleriň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren hem-de XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň möhüm ulgamy bolup biljek Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda hem öz beýanyny tapjakdygyna ynanýaryn diýip, Prezident nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026