HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU we “Güneş” žurnaly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli bäsleşik geçirýär

Fewral 18, 2025 | 11:55 |6738
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy mekdep okuwçylarynyň arasynda goşgy we makala ýazmak bäsleşigini geçirýär.2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy mekdep okuwçylarynyň arasynda goşgy we makala ýazmak bäsleşigini geçirýär.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy mekdep okuwçylarynyň arasynda goşgy we makala ýazmak bäsleşigini geçirýär.

“Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!” atly bäsleşik mekdep okuwçylarynyň döredijilik ukybyny açmaga, olary watansöýüjilik, agzybirlik ruhunda terbiýelemäge hem-de olarda öz Watanyna we türkmen halkyna buýsanç duýgusyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Bäsleşige ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edilmedik işler kabul edilýär.

Bäsleşik işiniň ahyrynda awtor özi baradaky maglumatlary, ýagny mekdebini, synpyny, ýaşaýan salgysyny, öý we ykjam telefonlarynyň belgilerini görkezmeli.

Goşgular ýa-da makalalar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli “Güneş” žurnalynyň gunesh_tm@sanly.tm elektron salgysyna ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň turkmenuniwersitetitdu@gmail.com elektron salgysyna ugradylmaly.

Bäsleşigiň netijeleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň saýtynda maý aýynyň birinji ongünlüginde ýerleşdiriler.

Işler maglumatlaryň takyk we aýdyň beýan edilişi, çeperçilik serişdeleriň dogry ulanylyşy, tekstiň grammatiki we stilistiki ýagdaýy, şeýle hem awtoryň öz pikirlerini beýan edişi boýunça bahalandyrylar.

Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlar bilen sylaglanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026