HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçileri halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşyp bilerler

Fewral 17, 2025 | 12:24 |4273
Merkezi Aziýanyň iri sergi çäresiniň guramaçysy “Mayer International Asia” türkmen telekeçilerine NON-FOOD ASIA EXPO-2025 halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşmagy teklip etdi.Merkezi Aziýanyň iri sergi çäresiniň guramaçysy “Mayer International Asia” türkmen telekeçilerine NON-FOOD ASIA EXPO-2025 halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşmagy teklip etdi.
Çeşme: non-food.asia

Merkezi Aziýanyň iri sergi çäresiniň guramaçysy “Mayer International Asia” türkmen telekeçilerine NON-FOOD ASIA EXPO-2025 halkara azyk däl harytlar sergilerine gatnaşmagy teklip etdi.

Sergiler 2025-nji ýylyň 21-23-nji marty aralygynda Daşkent şäherinde (“Uzeksposentr” milli sergi toplumy) hem-de 2025-nji ýylyň 26-28-nji noýabry aralygynda Almatyda (“Atakent” sergi merkezi) geçiriler.

“Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuny göz öňünde tutup, biz türkmen öndürijilerine täze söwda bazarlaryna çykmak üçin ajaýyp mümkinçiligi hödürleýäris” – diýip, guramaçylaryň resmi ýüzlenmesinde aýdylýar.

Türkmen kompaniýalary öz önümlerini “Türkmenistanda öndürilen” toparlaýyn stendiň çäklerinde görkezip bilerler.

Sergide durmuş himiýasy we parfýumer-kosmetika önümleri, gündelik isleg harytlary we gaplaýjy materiallar ýaly azyk däl harytlaryň dürli pudaklaryň önümleri görkeziler. Sergä gatnaşmaklyk türkmen kompaniýalaryna diňe bir öz harytlaryny halkara derejesinde görkezmäge däl, eýsem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlary bilen täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

NON-FOOD ASIA EXPO - bu söwda torlary we söwda meýdançalary üçin halkara azyk däl harytlar sergisidir. Şeýle-de bu netijeli aragatnaşyklar we täze ygtybarly müşderileri, üpjün edijileri we hyzmatdaşlary tapmak üçin Merkezi Aziýanyň esasy halkara meýdançasy bolup, ol azyk däl harytlar bazarynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň satyn alyjylaryny we öndürijilerini birleşdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026