HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň SSE-da daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürligi ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşýar

Fewral 16, 2025 | 22:40 |1091
Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Italiýanyň, Belarusyň, Awstriýanyň we Gwatemalanyň işewür we diplomatik toparlaryň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirmek üçin möhüm meýdança boldy. Duşuşyga gatnaşanlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki taslamalary we maýa goýumlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylarGeçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Italiýanyň, Belarusyň, Awstriýanyň we Gwatemalanyň işewür we diplomatik toparlaryň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirmek üçin möhüm meýdança boldy. Duşuşyga gatnaşanlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki taslamalary we maýa goýumlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Çeşme: cci.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Italiýanyň, Belarusyň, Awstriýanyň we Gwatemalanyň işewür we diplomatik toparlaryň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirmek üçin möhüm meýdança boldy. Duşuşyga gatnaşanlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki taslamalary we maýa goýumlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususanda Italiýanyň “Modenese Gastone Interiors Srl” kompaniýasynyň dizaýneri Leandro Skalkony bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda gürrüň TSSE-da geçiriljek halkara sergiler hem-de haly, tekstil we mebel dizaýnerçiligi ulgamlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýasynyň wekiliýeti sergilere gatnaşmak islegini bildirip, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna öz goşandyny goşjakdygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen geçirilen duşuşykda özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça anyk teklipleri öňe sürdiler. Ilçi belarusly işewürleriň türkmen bazary bilen has içgin hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hususan-da Belarus tarapy oba hojalygy, awtomobil senagaty, azyk senagaty we beýleki önümçilik ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem geçen hepdede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary Gerhard Saýller bilen duşuşygy geçirildi. Onuň bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde bilelikde amala aşyrylyp bilinjek taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýanyň wekili öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, bilelikdäki sergileri, işewür forumlary guramagyň ähmiýetini nygtady.

Şu ýylda türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýändigi hem-de bu mejlisiň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin möhüm meýdança boljakdygy bellenildi.

Mundan başga-da TSSE-niň başlygy Gwatemalanyň täze bellenen ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinos bilen duşuşdy. Ilçi Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik işiniň täze tapgyrynyň başlanýandygyny belläp, öz ýurdunyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşini uly gyzyklanma bilen yzarlaýandygyny nygtady. Ilçi sergilere gatnaşmak arkaly iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmagyň tarapdarydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň nebit-gaz, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini eksport etmek mümkinçilikleri barada aýtdy. Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky logistiki ugurlary ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny höweslendirmek bilen baglanşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026