HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Parahatçylykly Moda: "Turkmentextile Expo-2025" halkara sergi-ýarmarkasy

Fewral 17, 2025 | 00:10 |29193
2025-nji ýylyň 11-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde dünýäniň dürli künjeginden dokma senagatynyň wekilleri jemlenip, pudagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, tejribe alyşarlar we özara bähbitli şertnamalary baglaşarlar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we "Türkmen ekspo" hususy kärhanasy bilen bilelikde "Turkmentextile Expo-2025" atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar2025-nji ýylyň 11-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde dünýäniň dürli künjeginden dokma senagatynyň wekilleri jemlenip, pudagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, tejribe alyşarlar we özara bähbitli şertnamalary baglaşarlar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we "Türkmen ekspo" hususy kärhanasy bilen bilelikde "Turkmentextile Expo-2025" atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar
Çeşme: Türkmen ekspo

2025-nji ýylyň 11-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde dünýäniň dürli künjeginden dokma senagatynyň wekilleri jemlenip, pudagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, tejribe alyşarlar we özara bähbitli şertnamalary baglaşarlar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we «Türkmen ekspo» hususy kärhanasy bilen bilelikde «Turkmentextile Expo-2025» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralýan bu çäre, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de döredijiligiň ýüplerini has-da berkidip, durnukly ösüş gün tertibini durmuşa geçirmäge, ekologiýa taýdan arassa önümçilige hem-de işewürligiň sosial jogapkärçiligine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Sergi-ýarmarkanyň esasy maksady – Türkmenistany global dokma we moda senagatynyň esasy merkezi hökmünde tanatmak, milli dokma mirasyny dünýä ýaýmak, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermekdir.

Serginiň esasy bölümleri şulary öz içine alýar:

• dokma enjamlary we enjamlar;

• geýim, aýakgap, deriden taýýarlanan önümler;

• tebigy süýümleri gaýtadan işlemek;

• öý dokma önümleri we ekotekstil;

• ätiýaçlyk şaýlary we kömekçi materiallar;

• himiki serişdeler we boýaglar;

• aksesuarlar we tikin furniturasy;

• iň täze tehnologiýalar;

• moda we dizaýn.

Serginiň çäklerinde, däp-dessurlar bilen döwrebaplygyň sazlaşygyndan ylham alan türkmen we daşary ýurtly dizaýnerleriň moda kolleksiýalarynyň görkezilişi hem guralar.

«Turkmentextile Expo-2025» – bu siziň dokma we moda pudagyndaky işleriňizi ösdürmek üçin täsin platformadyr. Bu ýerde siz pudagyň öňdebaryjy wekilleri bilen duşuşyp, önümleriňizi ýa-da hyzmatlaryňyzy hödürläp, bazardaky iň täze ugurlar bilen tanyşyp, täze hyzmatdaşlary we müşderileri tapyp bilersiňiz.

Bu sergide siz dokma we moda senagatynyň geljeginiň nähili emele gelýändigine, täze tendensiýalaryň döreýşine şaýat bolup, öz işiňiz üçin peýdaly şertnamalary baglaşyp bilersiňiz.

Habarlasmak üçin:

Website - turkmentextile.turkmenexpo.com

Telefon – +99371871812 / +99363719588

E-mail – contact@turkmenexpo.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

00:02 Iýun 21, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026