HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi durmuş ähmiýetli derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny aldy

Fewral 14, 2025 | 10:00 |7948
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy ýokanç däl keselleri, şol sanda diabet keseli boýunça gözegçilik çärelerini durmuşa geçirmegi, şeýle hem durmuş ähmiýetli derman serişdeleri bilen üpjün etmegi dowam etdirýär.BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy ýokanç däl keselleri, şol sanda diabet keseli boýunça gözegçilik çärelerini durmuşa geçirmegi, şeýle hem durmuş ähmiýetli derman serişdeleri bilen üpjün etmegi dowam etdirýär.
Çeşme: instagram.com/undp_turkmenistan

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy ýokanç däl keselleri, şol sanda diabet keseli boýunça gözegçilik çärelerini durmuşa geçirmegi, şeýle hem durmuş ähmiýetli derman serişdeleri bilen üpjün etmegi dowam etdirýär.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary bejermek üçin derman serişdeleri bilen üpjün etmek baradaky ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi insuliniň, insulin ruçka-şprisleriniň hem-de sterilleşdirilen insulin iňňeleriň nobatdaky tapgyryny aldy.

Serişdeler Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda hasaba almak bilen elýeterlidir.

2021-nji ýyldan bäri BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýokanç däl keselleriň gözegçiligi we olaryň bejerilmegi boýunça bilelikdäkki taslamalary amala aşyrýar. Taslamalar dolulygyna Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026