HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyplary Tatarystanda geçirilen mekdep okuwçylary üçin VI Respublikan festiwalyna gatnaşdylar

Fewral 13, 2025 | 15:00 |5281
Türkmen talyplary Tatarystanyň Sabinskiý etrabynda geçirilen umumybilim berýän edaralarynda bilim alýan okuwçylar üçin “Medeniýetleriň öwüşgini” atly ene dili respublikan festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.Türkmen talyplary Tatarystanyň Sabinskiý etrabynda geçirilen umumybilim berýän edaralarynda bilim alýan okuwçylar üçin “Medeniýetleriň öwüşgini” atly ene dili respublikan festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsullygy

Türkmen talyplary Tatarystanyň Sabinskiý etrabynda geçirilen umumybilim berýän edaralarynda bilim alýan okuwçylar üçin “Medeniýetleriň öwüşgini” atly ene dili respublikan festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Sabinskiý munisipal etrabynyň başlygy Rais Minnihanow, Tatarystan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik edaralarynyň wekilleri şu ýylyň “Medeniýetleriň öwüşgini” atly festiwalynyň hormatly myhmanlary boldular.

Festiwalyň barşynda Bütinrussiýa olimpiadasynyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan daşary ýurt dillerini öwrenýän 4-11-nji synplaryň okuwçylary, beýleki ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty bilen tanyş boldylar.

Festiwalyň dabaraly çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Baş konsullygy Rais Nurgaliýewiç Minnihanowa Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabyny sowgat berdi. Türkmenistanyň Baş Konsullygyna hoşallygyny bildirip, munisipalisetiň başlygy etrabyň ýaşaýjylarynyň bu gymmatly kitap bilen tanşyp bilmekleri üçin onuň etrap kitaphansyna geçiriljekdigini belledi.

Kazanda bilim alýan türkmen talyplary Türkmenistan baradaky prezentasiýa bilen çykyş etdiler, Magtymgulynyň dostluk we parahatçylyk baradaky goşgylaryny türkmen, rus we tatar dillerinde okadylar. Gatnaşyjylara alajanyň dokalyş tehnikasy hem görkezildi.

“Medeniýetleriň öwüşgini” atly festiwal daşary ýurt dilinde okamaga bolan höwesi döretmek, daşary ýurt dillerini öwrenmäge ukyply mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, ösdürmek we olara goldaw bermek, bilim alýanlarda daşary ýurt dillerine, öz Watanynyň taryhyny, ruhy mirasyny, däp-dessurlarynyň saklanylmagyna bolan höwesi we oňaýly garaýyşlaryny kemala getirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026