HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen YHG sebitleýin dialogy ösdürmegiň çemeleşmeleri barada ylalaşdylar

Fewral 12, 2025 | 23:15 |6698
12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýrana saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýrana saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýrana saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Raşid Meredow Türkmenistanyň bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga ymtylýandygyny nygtady. Ulag pudagy we serhetýaka söwdasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu nukdaýnazardan, Üstaşyr geçirijiler boýunça çarçuwaly ylalaşygynyň, şeýle hem Söwda ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Durnukly ösüş babatyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň Baş sekretary 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri guramagy teklip etdi.

Ministr Asad Majid Hany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň konstruktiw dialoga ygrarlydyklaryny tassyklap, taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler diýip, DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026