HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanda emeli aň Tehnopolisi BAE bilen hyzmatdaşlykda dörediler

Fewral 12, 2025 | 19:04 |8393
Täjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministrligi bilen BAE ösen tehnologiýalar Ylmy barlag geňeşi (ATRC) emeli aň ugrunda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo konferensiýa geçirdi. Çärä Täjigistanyň ministrliginiň we ATRC-niň ýolbaşçylary, Täjigistanyň emeli aň Geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem tehnologiýa innowasiýalar Instituty we Abu-Dabiniň VentureOne holdinginiň wekilleri gatnaşdylarTäjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministrligi bilen BAE ösen tehnologiýalar Ylmy barlag geňeşi (ATRC) emeli aň ugrunda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo konferensiýa geçirdi. Çärä Täjigistanyň ministrliginiň we ATRC-niň ýolbaşçylary, Täjigistanyň emeli aň Geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem tehnologiýa innowasiýalar Instituty we Abu-Dabiniň VentureOne holdinginiň wekilleri gatnaşdylar
Çeşme: fintech-retail.com

Täjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministrligi bilen BAE ösen tehnologiýalar Ylmy barlag geňeşi (ATRC) emeli aň ugrunda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo konferensiýa geçirdi. Çärä Täjigistanyň ministrliginiň we ATRC-niň ýolbaşçylary, Täjigistanyň emeli aň Geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem tehnologiýa innowasiýalar Instituty we Abu-Dabiniň VentureOne holdinginiň wekilleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde milli dil modeliniň işlenip düzülmegi, multimodal çözgütleriň kämilleşdirilmegi we emirlikleriň tehnologiýa kompaniýalarynyň Duşenbedäki emeli aň tehnopolisine çekilmegi bellenildi. Falcon tehnologiýalarynyň esasynda täjik diliniň lingwistik we medeni aýratynlyklaryna laýyk gelýän modeliň işlenip düzülmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa täjik dilindäki sanly hyzmatlaryň, şol sanda ses kömekçileriň, awtomatiki terjime we bilim platformalarynyň ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berer.

ATRC-niň ählumumy ylmy-barlag platformasy, bulut we sanly transformasiýalara ýöriteleşen CNTXT kompaniýasynyň hem-de VentureOne Merkezi Aziýa bazaryna, hususan-da, Duşenbedäki Area AI bazasyna girmegine goldaw berer. Duşenbedäki emeli aň tehnopolisi sebitiň ykdysadyýetine ösen emeli aň çözgütlerini ornaşdyrmak üçin ýöriteleşdirilen ilkinji meýdança bolar. Bu ýerde Merkezi Aziýa üçin EA öz-özüni kadalaşdyryş merkezini hem öz içine alýan doly AI ekosistemasyny ösdürmek meýilleşdirilýär.

VentureOne emeli aň, uly maglumat we bulut çözgütleri ugurlarynda innowasion önümleri täjik kärhanalaryna ornaşdyrmak we bu tehnologiýalaryň bazara çykarylmagyny üpjün etmek bilen meşgullanar. Tehnopolisiň ösmegi daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly transformasiýany çaltlaşdyrmaga ýardam berer.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bu hyzmatdaşlygyň Täjigistanyň sanly transformasiýasyna itergi berjekdigine we ýurduň Merkezi Aziýada EA tehnologiýa merkezi hökmünde ornuny berkidýändigine ynam bildirdiler. Nobatdaky ädim hökmünde taslamalary jikme-jik meýilleşdirmek üçin iş toparynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. ATRC bilen hyzmatdaşlyk, Täjigistan Respublikasynyň Milli emeli aň strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolup, ýurda ösen innowasiýalara elýeterlilik döredýär we durnukly tehnologiýa binýadynyň emele gelmegine goşant goşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026