HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklyk etmeginiň çäklerinde ulag boýunça çäre geçirildi

Fewral 12, 2025 | 21:40 |6978
“Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygyndaky SPECA sebiti: Durnukly multimodal ugurlary ösdürmekde sebitara baglanyşygy ösdürmek” – şeýle at bilen çäräni, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) Sekretariaty bilen bilelikde gurnady“Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygyndaky SPECA sebiti: Durnukly multimodal ugurlary ösdürmekde sebitara baglanyşygy ösdürmek” – şeýle at bilen çäräni, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) Sekretariaty bilen bilelikde gurnady
Çeşme: switzerland.tmembassy.gov.tm

“Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygyndaky SPECA sebiti: Durnukly multimodal ugurlary ösdürmekde sebitara baglanyşygy ösdürmek” – şeýle at bilen çäräni, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) Sekretariaty bilen bilelikde gurnady.

Çäre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklygynyň çäginde 10-njy fewralda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag komitetiniň 87-nji mejlisiniň dowamynda geçirildi.

Duşuşyga ÝYK-iň ýolbaşçylary, SPECA ýurtlarynyň ulag edaralary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasyna we ESCAP agza döwletleriň wekiliýetleri şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) wekilleri, DEKRA bilermen guramasy we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşygyny sanlaşdyrmak boýunça SPECA-nyň Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumylaşma şertlerinde ulag ulgamlarynyň netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin sebitdäki ulag we söwda amallaryny sanlaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň CEFACT halkara ülňüleriniň kabul edilmegine aýratyn üns berildi.

12022025-v-zheneve-pod-predsedatelstvom-turkmenistana-v-speka- (1).jpeg

Gatnaşanlar Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglanyşygy kämilleşdirjek durnukly multimodal ugurlary döretmek üçin dowam edýän milli we sebitleýin işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Olar SPECA ýurtlarynda täze tehnologiýalary we ülňüleri ornaşdyrmagyň meselelerini hem-de geljegini we esasy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler. Sebitdäki ulag ugurlaryny sazlaşdyrmak maksady bilen ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, bilelikdäki taslamalaryň mehanizmleri beýan edildi.

Bu waka, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak we Ýewropa bilen Aziýanyň hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açmak nukdaýnazaryndan SPECA formaty üçin täze derejäni bellänligi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026