HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen «Küştdepdi» tansyny gazak artistleri Astanada ýerine ýetirdiler

Fewral 12, 2025 | 15:50 |7504
Gadymy halk tansy «Küştdepdi» diňe bir Türkmenistanda ussat we özbaşdak tans toparlarynyň arasynda däl, eýsem daşary ýurt sungat ussatlarynyň arasynda-da uly gyzyklanma döredýärGadymy halk tansy «Küştdepdi» diňe bir Türkmenistanda ussat we özbaşdak tans toparlarynyň arasynda däl, eýsem daşary ýurt sungat ussatlarynyň arasynda-da uly gyzyklanma döredýär
Çeşme: instagram

Gadymy halk tansy «Küştdepdi» diňe bir Türkmenistanda ussat we özbaşdak tans toparlarynyň arasynda däl, eýsem daşary ýurt sungat ussatlarynyň arasynda-da uly gyzyklanma döredýär. Şu özboluşly hem-de joşgunly tans Gazagystanyň etno-folklor ansambly «Turan» tarapyndan 2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Astanadaky Ýe. Rahmadiýew adyndaky Döwlet akademiki filarmoniýasynyň sahnasynda görkezilen «Tamyr» atly uly konsertiň maksatnamasyna girizildi.

Your browser does not support HTML5 video.

«Tamyr» taslamasy diňe bir «Turan» ansamblynyň sazandalaryny däl, eýsem «Gulder», «Saltanat», «Alem» tans toparlaryny hem-de K. Kuanyşbaýew adyndaky Gazak milli sazly-drama teatrynyň artistlerini birleşdirdi. Bu täsin sazly-teatrlaşdyrylan tomaşada saz, tans we teatr elementleri sazlaşykly utgaşyp, tomaşaçylary çarwa medeniýeti gurşap aldy. Onda türki halklaryň döreýiş çeşmeleri we ata-babalaryň mifologiki dünýägaraýşy açylyp görkezildi.

Konsertde türki dünýäsiniň halklaryna degişli 30-dan gowrak milli saz gurallarynda eserler ýerine ýetirildi. Olaryň arasynda gazaklaryň, türkmenleriň, gyrgyzlaryň, özbekleriň, azerbaýjanlylaryň, türkleriň, wengerleriň we saha halklarynyň saz medeniýeti açylyp görkezildi. Tomaşaçylar diňe bir saz gurallarynyň özboluşly owazyndan lezzet alman, eýsem umumy köklere esaslanýan medeniýetleriň agzybirlik we dürlülik ruhuny hem duýdular.

«Turan» etno-folklor topary 2008-nji ýylda Kurmangazy adyndaky Gazak milli konserwatoriýasynyň uçurymlary tarapyndan döredildi. Onuň düzümine onlarça halk saz gurallaryny ussatlyk bilen çalyp bilýän zehinli multiinstrumentalist sazandalar girýär.

1-1.jpg

Toparyň esasy maksady – gazak halk döredijiligini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem türk halklarynyň saz mirasyny dünýä sahnasynda tanatmak. Olar tarapyndan hödürlenen «Tamyr» taslamasy türki dünýäsiniň medeni mirasynyň baýlygyny we köpdürlüligini özünde jemleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026