Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly küştçi Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen halkara ýaryşynda ýeňiji boldy

Fewral 12, 2025 | 19:30 |9282
Türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew 3-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “AL-BERUNIY” (Futures) 2-nji halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldyTürkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew 3-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “AL-BERUNIY” (Futures) 2-nji halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan üpjin edildi

Türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew 3-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “AL-BERUNIY” (Futures) 2-nji halkara küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

FIDE-niň reýtinginde 2516 utuga eýe bolan 25 ýaşly halkara derejeli ussat, mümkin bolan 9-dan 7 utuk toplady.

IMG_1970.JPG

Ikinji orny şol bir utuk bilen hindistanly grossmeýster Pa Inýan (FIDE reýtingi-2523) eýeledi. Şeýle-de bolsa, aýgytlaýjy taý-breýkde Atabaýew hindistanly garşydaşyny ýeňmegi başardy. Ýaryşyň bürünç medalyna belarussiýaly grossmeýster Mihail Nikitenko (FIDE reýtingi-2512) mynasyp boldy.

IMG_2784.JPG

Bäsleşik, nusgawy wagt gözegçiligi bilen tegelek görnüşinde geçirildi we Özbegistandan, Hindistandan, Russiýadan, Şwesiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan grossmeýsterler we FIDE-niň ussatlary ýaly iň güýçli küştçileri bir ýere jemledi.

Bu ýaryşda ýeňiş Saparmyrat Atabaýewe halkara grossmeýster derejesiniň berilmegi üçin zerur gutarnykly (üçünji) kadany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Karar resmi ýagdaýda Halkara küşt federasiýasynyň Geňeşiniň (FIDE) mejlisinde kabul ediler.

IMG_2860.JPG

Saparmyradyň halypasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026