HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Medeniýet halklarymyzy ýakynlaşdyrýar” – Täjigistanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk barada

Fewral 12, 2025 | 14:30 |6532
Täjigistan we Türkmenistan asyrlar boýy dowam edip gelýän dostluk we ynsanperrwerlik däplerine eýerip, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam edýär. 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyk beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde has hem ösdürildi.Täjigistan we Türkmenistan asyrlar boýy dowam edip gelýän dostluk we ynsanperrwerlik däplerine eýerip, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam edýär. 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyk beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde has hem ösdürildi.
Çeşme: cis.minsk.by

Täjigistan we Türkmenistan asyrlar boýy dowam edip gelýän dostluk we ynsanperrwerlik däplerine eýerip, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam edýär. 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyk beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde has hem ösdürildi.

Türkmenistandaky Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýatbekzoda Wafo Alibegiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda belleýşi ýaly, Täjigistan uly çäreleriň birnäçesine gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň başlangyjyny işjeň goldady.

Dostlukly ýurtda şahyryň döredijiligine bagyşlanyp halkara maslahatlar we tegelek stollar geçirildi, ylmy makalalar çap edildi, Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda bolsa Magtymguly Pyragy adyndaky orta umumybilim berýän mekdep açyldy. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan Halkara forumyndaky çykyşynda türkmen şahyryň döredijiligi täjik-pars edebi mirasy bilen berk baglanyşyklydygyny belledi.

Aşgabat, öz gezeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda täjik şahyry we akyldary Saýido Nasafiniň heýkelini ýerleşdirdi, bu hem iki halkyň berk dostlugynyň alamaty boldy. Makalada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti barada hem bellenilýär.

Taraplar Täjigistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna bolan ygrarlylygyny tassykladylar. Bu bolsa hyzmatdaşlyk baradaky täze bäş sany ylalaşyklaryň gol çekilmegi bilen berkidildi. Konsertleri, sergileri, ylmy maslahatlaşmalary we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny öz içine alan Täjigistanda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi hem möhüm wakalara öwrüldi. Geçirilen çäreler iki döwletiň medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesini açyp görkezdi hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin esas döretdi.

Makalada aýratyn bellenilşi ýaly, taryhyň dowamynda emele gelen ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri täjik-türkmen özara gatnaşyklarynyň berk binýady bolup durýar, medeni diplomatiýa bolsa halklaryň ýakynlaşmagynyň esasy faktory bolmagynda galýar.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026