HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk işleri dowam edýär.

Fewral 04, 2025 | 22:05 |6348
Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri 30-31-nji ýanwarda Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary bilen baglanyşykly işleriň utgaşdyrylmagyny üpjün etjek milli utgaşdyryjylar geňeşiniň ilkinji Mejlisini geçirdiler. Duşuşygyň çäklerinde, 2025-nji ýylda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Geňeşme duşuşygyna Özbegistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy tanyşdyryldyÖzbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri 30-31-nji ýanwarda Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary bilen baglanyşykly işleriň utgaşdyrylmagyny üpjün etjek milli utgaşdyryjylar geňeşiniň ilkinji Mejlisini geçirdiler. Duşuşygyň çäklerinde, 2025-nji ýylda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Geňeşme duşuşygyna Özbegistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy tanyşdyryldy
Çeşme: gov.uz

Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri 30-31-nji ýanwarda Daşkentde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklary bilen baglanyşykly işleriň utgaşdyrylmagyny üpjün etjek milli utgaşdyryjylar geňeşiniň ilkinji Mejlisini geçirdiler. Duşuşygyň çäklerinde, 2025-nji ýylda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Geňeşme duşuşygyna Özbegistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy tanyşdyryldy.

Mejlisiň dowamynda, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Geňeşme duşuşygynyň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2027-nji ýyla çenli hereket etjek Ýol kartasynda göz öňünde tutulan we şu ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy boýunça pikir alşyldy.

Taraplar, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Geňeşme duşuşygyna taýýarlyk görmek we meýilleşdirilen ähli çäreleri üstünlikli geçirmegi üpjün etmek maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026