HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmeni Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy bilen tanyşdy

Fewral 05, 2025 | 09:52 |4734
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekili Myrat Mälikow Norwiçiň dil bilimi institutynda (NILE) hünäri kämilleşdirmek boýunça maksatnamasyna gatnaşdy.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekili Myrat Mälikow Norwiçiň dil bilimi institutynda (NILE) hünäri kämilleşdirmek boýunça maksatnamasyna gatnaşdy.
Çeşme: education.gov.tm

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekili Myrat Mälikow Norwiçiň dil bilimi institutynda (NILE) hünäri kämilleşdirmek boýunça maksatnamasyna gatnaşdy.

Okuw Angliýanyň Norwiç şäherinde geçirilip, Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyny çuňlaşdyryp öwrenmäge, mekdepleri we inklýuziwligi ösdürmegiň strategiki usullaryny dolandyrmaga gönükdirildi. Maksatnama Merkezi Aziýanyň 26 mugallymy gatnaşdy.

Gatnaşyjylar bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, mekdepleri goldamak we aýratyn bilim zerurlyklary bolan okuwçylara ýardam bermek boýunça interaktiw sapaklara gatnaşdylar, aýratyn bilim zerurlyklary bolan okuwçylaryň ýörite utgaşdyryjylarynyň işi (SENCO), “Bilim, saglygy goraýyş we gözegçilik etmek meýilnamasyna” esaslanan netijeli çemeleşmeler bilen tanyşdylar.

Türkmen hünärmeni Nottingem Trent Uniwersitetindäki “Iňlis dili we inklýuziwlik” atly taslamasyna hem gatnaşdy. Bu taslama mugallymlaryň okatmagyň inklýuziw usullary barada habarlylygyny, dürli okuwçylara goldaw bermek we iňlis dilli bilim ulgamynda deňligi ösdürmek işini öz içine alýar.

Myrat Mälikow inklýuziw synpy dolandyrmagyň usulyýeti boýunça okuwlara gatnaşdy, bu babatda iş alyp barýan hünärmenleriň umumy okuwlaryny diňledi. Şeýle-de ol Beýik Britaniýanyň we Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň arasyndaky umumy maslahatlaşmalara gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026