HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gazagystan deslapky gümrük maglumatlary alyşmak işini ýola goýýar

Fewral 04, 2025 | 12:53 |5618
Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi.Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi.

Resminama 25.10.2021 senesindäki Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşygyň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Resminama Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň gümrük edaralarynyň arasynda alyşylmaly maglumatlaryň düzümini tassyklaýar. Maglumat alyşmagyň tertibi, görnüşi, usullary we wagty kesgitlendi.

Deslapky maglumat alyşmak işi iki tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyrda barlaglar geçirilip, eksport deklarasiýalary alyşylar, ikinji tapgyrda bolsa üstaşyr deklarasiýalary alyş-çalyşy barlagdan geçip amala aşyrylar.

Ýük barada deslapky maglumatlaryň birek-birege berilmeginiň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky daşalýan harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirme işini çaltlaşdyrjakdygyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026