HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Fewral 04, 2025 | 17:30 |6448
Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji fewralda Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdyWise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji fewralda Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
Çeşme: akorda.kz

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji fewralda Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Tokaýew, ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Aşgabadyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlamagy bilen gutlady we Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde mümkin bolan ähli goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi.

04022025-ministr-inostrannyh-del-turkmenistana-s-prezidentom-kazahstana (4).jpg

Raşid Meredow Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Aşgabadyň döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça Astana bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

04022025-ministr-inostrannyh-del-turkmenistana-s-prezidentom-kazahstana (1).jpg

Meredow we Tokaýew energetika, üstaşyr-ulag we medeni-ynsanpewer ugurlarda ozal gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Akordanyň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026