HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly bilen geçirilen duşuşyk

Fewral 04, 2025 | 10:30 |7768
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky täze bellenilen Baş konsuly Haýder Manawer bilen Baş konsul B.Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky täze bellenilen Baş konsuly Haýder Manawer bilen Baş konsul B.Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygy (Hyrat şäheri)

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky täze bellenilen Baş konsuly Haýder Manawer bilen Baş konsul B.Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Baş konsullygynda geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler.

1 Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky täze bellenilen Baş konsuly.jpg

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bilelikdäki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijileri hem-de olar bilen ugardaş taslamalar dogrusynda pikir alyşdylar.

Bu taslamalaryň Owganystanda we tutuş sebitde parahatçylygyň kemala gelmeginde hem-de sebitiň ykdysady taýdan ösmeginde möhüm taslamalardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026