HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň häzirki taraplary boýunça pikir alyşdylar

Fewral 03, 2025 | 20:40 |18839
Resmi sapar bilen Astana baran wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wise-premýeriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen gepleşleri geçirdiResmi sapar bilen Astana baran wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wise-premýeriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen gepleşleri geçirdi
Çeşme: gov.kz

Resmi sapar bilen Astana baran wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wise-premýeriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen gepleşleri geçirdi.

Ministrler, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, syýasy, söwda-ykdysady, üstaşyr-ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlaryň geljegi boýunça özara gatnaşyklaryň giň toplumyny ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ruhunda strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny nygtadylar diýip, Gazagystan Respublikasynyň DIM-i habar berýär.

Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary ylalaşyklaryň ýokary derejede durmuşa geçirilişiniň gidişini jikme-jik gözden geçirdiler hem-de parlamentara we hökümetara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýardam bermäge ylalaşdylar.

03022025-glavy-mid-turkmenistana-i-kazahstana (5).jpg

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Soňky iki ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda mukdary yzygiderli 500 million dollardan geçdi. Taraplar söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanlary tarapyndan kesgitlenen maksada ýetmek üçin çäreleri görmek barada ylalaşdylar.

Energetika we ulag ulgamlaryndaky uly mümkinçilik bellendi. Bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mundan beýläk-de goldaw bermek üçin taýýardygy beýan edildi.

03022025-glavy-mid-turkmenistana-i-kazahstana (3).jpg

Ministrler sebit we halkara gün tertibiniň häzirki taraplary boýunça pikir alyşdylar hem-de köptaraplaýyn gurluşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga we iki döwletiň başlangyçlaryny öňe sürmekde özara goldaw bermäge gyzyklanmalaryny tassykladylar. Halkara guramalarynda birek-biregiň dalaşgärligini goldamak bilen baglanyşykly dilden nota alyşmalar boldy.

Murat Nurtleu Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen türkmen tarapyny gutlady.

03022025-glavy-mid-turkmenistana-i-kazahstana (6).jpg

DIM-niň ýolbaşçylary sebitleýin hyzmatdaşlygy we Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň we Aral deňzini halas etmek boýunça halkara Gaznasynyň maslahat beriş mejlisleriniň çäginde bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026