HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Tähranda YHG-nyň Ýokary derejeli komitetiniň mejlisine gatnaşdy

Fewral 03, 2025 | 19:45 |9084
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 3-nji fewralda Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýokary derejeli komitetiniň 1-nji mejlisiniň işine gatnaşdyTürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 3-nji fewralda Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýokary derejeli komitetiniň 1-nji mejlisiniň işine gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 3-nji fewralda Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýokary derejeli komitetiniň 1-nji mejlisiniň işine gatnaşdy.

Şeýle hem mejlise sebit guramalarynyň, ýöriteleşdirilen düzüm birlikleriň, sebit institutlarynyň we YHG-nyň bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Gün tertibine YHG-nyň çäginde maliýe we býudjet hyzmatdaşlygyny ösdürmek, “YHG göz ýetiriş 2025” (“ECO Vision 2025”) maksatlarynyň ýerine ýetirilişine garamak we bu köptaraplaýyn gurluşyň işleýiş mehanizmlerini kämilleşdirmek meseleleri girizildi.

Ahmet Gurbanow hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny we YHG-nyň ösüş strategiýasy baradaky tekliplerini beýan etdi. Türkmenistanyň Durnukly ulag baglanyşygynyň Ählumumy Atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnuklylygy boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmekde durnukly ösüş baradaky tekliplerine ünsi çekdi.

03022025-turkmenistan-oes-tegeran (1).jpg

Şonuň bilen birlikde, sebitleýin integrasiýa, syýahatçylygy ösdürmek, adam maýasyny we institusional mümkinçilikleri güýçlendirmek üçin gural hökmünde YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellendi.

Mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda gysga wagtlaýyn duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

22:00 Awgust 31, 2026
Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

20:00 Awgust 31, 2026
Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

18:00 Awgust 31, 2026