HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandaky RF Ilçihanasy Russiýada Sim-kartlary resmileşdirmegiň täze düzgünleri barada habar berýär

Fewral 03, 2025 | 12:25 |7501
Türkmenistandaky Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Russiýada daşary ýurtly raýatlara we raýatsyzlygy ýok adamlara degişli bolan SIM-kart dolanyşygynyň täze düzgünleriniň hereket edýändigi barada habar berýär.Türkmenistandaky Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Russiýada daşary ýurtly raýatlara we raýatsyzlygy ýok adamlara degişli bolan SIM-kart dolanyşygynyň täze düzgünleriniň hereket edýändigi barada habar berýär.
Çeşme: www.m24.ru

Türkmenistandaky Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Russiýada daşary ýurtly raýatlara we raýatsyzlygy ýok adamlara degişli bolan SIM-kart dolanyşygynyň täze düzgünleriniň hereket edýändigi barada habar berýär.

08.08.2024 senesinden № 303-ФЗ Federal kanuna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, indi daşary ýurtlara aragatnaşyk hyzmatlar baradaky şertnamanyň baglaşylmagy şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň hödürlenilmeginde, şeýle hem Identifikasiýa we Autensifikasiýa bitewi ulgamy hem-de Bitewi biometrik ulgamy arkaly maglumatlaryň dogrulylygy tassyklanylandan soň mümkin bolýar.

Girizilen esasy täzeçilikleriň arasynda:

SIM-kart şertnamada görkezilen anyk enjama birikdirilýär. Eger-de ol başga enjamda ornaşdyrylan bolsa, IMEI täzelenýänçä, aragatnaşyk hyzmatlary elýetersiz bolar.

SIM-kartlary Internet arkaly satyn almak üçin şertnamalaryň baglaşylylmagyna rugsat berilmeýär. Bir adam ykjam aragatnaşygyň 10 çenli belgini resmileşdirip biler.

Daşary ýurtlara degişli bellenilen çäklendirmeler diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk edaralaryň we halkara guramalaryň wekiliýetleriň işgärlerine, daşary ýurtly diplomatik we gulluk pasportlaryň eýelerine, şeýle hem ýokarda agzalanlaryň ählisiniň maşgala agzalaryna degişli däl.

Aragatnaşyk operatorlar 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli daşary ýurtlylar bilen eýýäm baglaşylan şertnamalary täze talaplara laýyk getirmeli, ters ýagdaýda şeýle şertnamalar boýunça aragatnaşyk hyzmatlaryň berilmegi bes ediler.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan telefon belgileriň töleglerini nagt görnüşinde anonim ýagdaýda amala aşyrmak gadagan edildi.

Tölegi diňe pasport boýunça ýa-da banklarda, poçta bölümçelerinde we aragatnaşyk nokatlarynda Identifikasiýa we Autensifikasiýa bitewi ulgamynda identifikasiýa arkaly amala aşyryp bolar.

2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden daşary ýurtly raýatlar SIM-kart satyn alan pursatynda “Döwlet hyzmatlary” portal arkaly bu barada bildirişleri alarlar, şeýle hem olaryň adyna bellige alnan ähli belgileri görüp bilerler hem-de zerur bolan ýagdaýynda olary yzyna gaýtaryp bilerler.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026