HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna uly möçberde pul baýragy gowşuryldy

Fewral 02, 2025 | 23:25 |6822
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üç million manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdiTürkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üç million manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üç million manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti Gaznanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 17 müň ýewro (her birine bir müň ýewrodan) möçberinde pul baýragyny bermek baradaky kararyny tassyklady.

...Döredilen ýyllaryndan bäri meşhur at üstündäki oýunlar topary, dünýä derejesindäki iri ýaryşlarda çykyş edip, hemişe ýokary ussatlyk görkezip, iň ýokary orunlary eýeledi.

Toparyň iň soňky ýeňişli çykyşy sanlyja gün mundan ozal Monakonyň paýtagty Monte Karloda bolup geçdi. Ýagny 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” abraýly baýraklara eýe boldy.

1-nji fewralda Arkadag şäherinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýeňşi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026