HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Fewral 01, 2025 | 11:25 |7026
Düyn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.Düyn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Düyn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.

Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Dünýä ähmiýetli forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen, binagärlik, ekologik derejesi boýunça köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheri belent ösüşleri nazarlaýar. Onuň keşbinde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Arkadag şäheriniň ýeten derejesi öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna, bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.

Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Munuň özi dynç alýanlaryň wagtlaryny şatlykly geçirmeklerinde, seýilgähiň bezeg aýratynlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmeginde ähmiýetlidir. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagy, ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň çäginde alnyp barylýan işler häzirki zaman ylmynyň gazananlary we milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän durmuş we önümçilik maksatly binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, durky täzelenýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sil suw akabasynyň üstünden geçýän köpriniň we onuň germewleriniň görnüşleri, seýilgähiň şekil taslamasy, Gökdepe şaýolunyň ugrundan üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri, awtobus duralgasynyň taslamasy bar.

Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çägindäki gurluşyk işleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeginiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Köpriniň we beýleki desgalaryň sütünleri, germewleri, olaryň bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri şu günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şäherde ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, binalaryň berklik babatda bildirilýän talaplara, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Degişli bölümleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hasabatlarda Arkadag şäherinde kanunçylygy berk berjaý etmek, tertip-düzgüni pugtalandyrmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy bölümleriň täze şäherdäki ýolbaşçylary degişli düzümleriň gulluklary bilen bilelikde iş alyp barýarlar.

Gahryman Arkadagymyz hasabatlary diňläp, Arkadag şäherinde tertip-düzgüni berjaý etmek babatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, harby we hukuk goraýjy bölümleriň işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerine gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, olaryň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi. Aýratyn-da, şäheriň çäklerinde düzgün-tertibiň berjaý edilişine gözegçilik etmeli gulluklaryň wekilleri bu işleri ünsden düşürdiler. Şeýle hem ýol-ulag düzümine degişli we beýleki gulluklaryň işi häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Bular barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän gulluklarynda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi we işleri sazlaşykly ýola goýmagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz: “Watan öňündäki kasamyňyza wepaly bolup gulluk etmegiňizi hemmäňizden talap edýärin. Eger-de borjuňyzy ýerine ýetirmeseňiz, onda siziň özüňiz harby we hukuk goraýjy edaralar bolup düzgün-nyzamyňyzy ýerine ýetirmändigiňiz barada degişli temmiňizi alarsyňyz” diýip, olara berk tabşyryk berdi.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýan Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.

Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak we gurmak boýunça oňyn tejribe toplan kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Arkadag şäherinde meýilleşdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtady we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

“Sumitomo” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda özlerine bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri bilen sazlaşykly işläp, kesgitlenen taslamanyň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem ol dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga örän şatdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygyny aýratyn belledi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Hanbeg atly bedewe atlanyp, sirkiň manežinde öwrüm etdi. Bu görnüşler türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň berkarar bolmagy we dünýäde giňden ykrar edilmegi ugrunda tagalla edýän alym Arkadagymyzyň behişdi bedewlere goýýan hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde meşhurlyk gazanyp, türkmen tugunyň belende galmagyna, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde ajaýyp ýeňşiň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyryljakdygyny belläp, toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Arkadag şäheriniň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen tehnikalaryň ýanyna geldi. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde arassaçylygy we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek üçin satyn alyp beren täze tehnikalary şäheriň çäklerinde arassaçylyk hyzmatlaryny doly üpjün etmäge ukyplydyr. Tehnikalarda oturdylan enjamlar arassaçylygy ýokary derejede saklamaga, köçeleri we desgalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga ýardam berer. Sanly ulgam arkaly enjamlaşdyrylan tehnikalar şäheriň köçelerini arassalamakda, degişli abadanlaşdyryş işlerini geçirmekde dünýäde öňdebaryjylar hasaplanýar. Milli Liderimiz bu tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagynyň şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etjekdigini belläp, döwrebap tehnikalara aýawly çemeleşip, olary netijeli işletmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026