HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk topary 19-20-nji fewralda duşuşar

Fewral 01, 2025 | 03:05 |6461
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky, sekizinji mejlisi 19-20-nji fewralda geçiriler. Bu möhüm waka, söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolarYkdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky, sekizinji mejlisi 19-20-nji fewralda geçiriler. Bu möhüm waka, söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar
Çeşme: gettyimages.com

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky, sekizinji mejlisi 19-20-nji fewralda geçiriler. Bu möhüm waka, söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.

Mejlisiň dowamynda iki ýurduň wekilleri energetika, ulag, senagat, oba hojalygy, maýa goýum we beýleki möhüm ugurlar boýunça köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşarlar.

Hökümetara topar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orna eýedir. Toparyň mejlisleri taraplara ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, täze ylalaşyklary gazanmaga we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisine görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Nökerguly Atagulyýew anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hasabat berdi şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi hödürledi. Döwlet Baştutany teklibi makullady, bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň geçen 7-nji mejlisi 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026