HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary ýurtlylara Mekge we Medinede gozgalmaýan emläge maýa goýmaga rugsat berildi

Ýanwar 30, 2025 | 23:25 |7440
Saud Arabystanyn Patyşalygynyň häkimiýetleri ilkinji gezek daşary ýurtly maýadarlara musulmanlar üçin mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde gozgalmaýan emläge maýa goýmak hukugyny berdiler. Ýöne şeýle maýadarlar üçin käbir çäklendirmeler giriziler diýip, ýurduň Maýa bazarlaryny dolandyryş müdirligi (CMA) habar berdiSaud Arabystanyn Patyşalygynyň häkimiýetleri ilkinji gezek daşary ýurtly maýadarlara musulmanlar üçin mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde gozgalmaýan emläge maýa goýmak hukugyny berdiler. Ýöne şeýle maýadarlar üçin käbir çäklendirmeler giriziler diýip, ýurduň Maýa bazarlaryny dolandyryş müdirligi (CMA) habar berdi
Çeşme: pixabay.com

Saud Arabystanyn Patyşalygynyň häkimiýetleri ilkinji gezek daşary ýurtly maýadarlara musulmanlar üçin mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde gozgalmaýan emläge maýa goýmak hukugyny berdiler. Ýöne şeýle maýadarlar üçin käbir çäklendirmeler giriziler diýip, ýurduň Maýa bazarlaryny dolandyryş müdirligi (CMA) habar berdi.

Bu karar daşary ýurtlylara bu şäherlerde gozgalmaýan emläge eýeçilik edýän köpçülikleýin açyk kompaniýalaryň paýnamalaryna maýa goýmak mümkinçiligini berýär. Şeýle-de bolsa, daşary ýurt maýalarynyň şol kompaniýalardaky umumy paýy 49%-den geçmeli däldir. Bu bolsa daşary ýurtly maýadarlaryň kompaniýalary doly gözegçilikde saklap bilmejekdigini aňladýar. Mundan başga-da, olar diňe paýnamalara we belli bir görnüşli gymmat bahaly kagyzlara maýa goýmaga hukukly bolarlar.

Bilermenleriň pikiriçe, bu karar CMA tarapyndan daşary ýurt maýalaryny çekmek, maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak, maliýe bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ýurduň ykdysady ösüşine goldaw bermek maksady bilen kabul edildi. Şeýle hem, Mekge we Medinedäki häzirki we geljekki taslamalar üçin daşary ýurt maýalaryny çekmek, olaryň maliýeleşdirilmegini Saud Arabystanyn Patyşalygynyň maliýe bazary arkaly üpjün etmek maksat edinilýär.

Mekge we Medinedäki gozgalmaýan emläk taslamalary uly girdeji getirýän maýa goýumlarynyň biri hasaplanýar, sebäbi bu şäherler musulmanlaryň köpçülikleýin zyýarat edýän mukaddes ýerleri bolup durýar. Häzirki wagtda Saud Arabystan Patyşalygynyň gozgalmaýan emläk bazary çalt ösýär. Ýurtda dünýäniň iň iri 7 taslamasynyň üçüsi gurulýar, şolaryň biri Mekgedäki ägirt uly myhmanhana taslamasydyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026