HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple iPhone enjamlaryna Starlink-e birikmegi öwretdi

Ýanwar 30, 2025 | 12:36 |5538
Apple Space X we T-Mobile kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda soňky iOS 18.3 nusgasynda iPhone enjamlarynyň Starlink hemra ulgamyna birikmek mümkinçiligini ornaşdyrdy. Emma häzirki wagtda bu wezipe ABŞ-daky ulanyjylaryň çäklendirilen sany üçin elýeterli bolup, ol synagdan geçmek tapgyryndadyr.Apple Space X we T-Mobile kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda soňky iOS 18.3 nusgasynda iPhone enjamlarynyň Starlink hemra ulgamyna birikmek mümkinçiligini ornaşdyrdy. Emma häzirki wagtda bu wezipe ABŞ-daky ulanyjylaryň çäklendirilen sany üçin elýeterli bolup, ol synagdan geçmek tapgyryndadyr.
Çeşme: psm7.com

Apple Space X we T-Mobile kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda soňky iOS 18.3 nusgasynda iPhone enjamlarynyň Starlink hemra ulgamyna birikmek mümkinçiligini ornaşdyrdy. Emma häzirki wagtda bu wezipe ABŞ-daky ulanyjylaryň çäklendirilen sany üçin elýeterli bolup, ol synagdan geçmek tapgyryndadyr.

Ozal iPhone ulanyjylary Globalstar hemra aragatnaşygy arkaly diňe tiz hemra aragatnaşygyndan peýdalanyp bilýärdiler. Bu hem öýjükli aragatnaşygy ýok ýagdaýynda tiz kömek gulluklaryna habar ibermäge mümkinçilik berýärdi. Indi bolsa Starlink kömegi bilen ulanyjylar adaty tekst habarlary alyşyp bilýärler, geljekde bolsa ses jaňlaryny we hemra Internet mümkinçiligini hem goşmak giňeltmek meýilleşdirilýär. Globalstar-dan tapawutlylykda, Starlink öz-özünden işlär, hatda telefonyň jübide bolan ýagdaýynda hem.

T-Mobile iPhone ulanyjylary üçin beta-synaglary geçirip başlady. Maksatnamada täze ugruň ilkinji gatnaşyjylaryna operator SMS-habarlaryny ýollady: “Siz T-Mobile Starlink beta-synagyna gatnaşýarsyňyz. Indi Siz dünýäniň islendik ýerinden hemra arkaly tekst habarlaryny ugartamak bilen aragatnaşykda galyp bilersiňiz. Bu çäkden daşary bu hyzmaty ulanyp başlamak üçin, iOS 18.3 çenli täzeleniň”.

Hyzmatyň dolyulygyna ýaýbaňlanmagy 2025-nji ýylda bolup geçjekdigine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026