HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM Özbegistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Ýanwar 27, 2025 | 22:00 |8458
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdyTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Çeşme: president.uz

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň başynda ministr Raşid Meredow Özbegistanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Söhbetdeşlikde dostlukly, hoşniýetli we strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda 1,1 milliard dollardan geçen söwda dolanyşygynyň depginli ösüşi bellenildi, bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berilýär.

Bilelikde “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy döredilýär. Senagat, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda ýakyn hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Sebitara aragatnaşyklar we medeni-ynsanpewer ugurlarda alyş-çalyşlar barha giňeýär.

27012025-turkmenistan-uzbekistan (1).jpg

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze giňişleýin gün tertibiniň döredilmegine, ýakyn wagtda boljak ýokary derejeli saparlara taýýarlygyň, sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň we “Merkezi Aziýa +” formatdaky sammitlere aýratyn üns berildi.

Raşid Meredowyň Daşkende saparynyň maksatnamasy nobatdaky türkmen-özbek syýasy geňeşmelerini öz içine alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026